Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Eýranyň Prezidenti Mesud Pazeşkiýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Azerbaýjanyň Prezident edarasynyň beýanatyna görä, Aliýew Pezeşkiýana telefon arkaly jaň etdi.
Aliýew Pezeşkiany doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, uzak ömür we wezipelerinde üstünlik arzuw etdi.
Pezeşkiýan şeýle hem Aliýewe gyzyklanmasy we gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Liderler ýakyn wagtda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde bolan duşuşygyny we şol duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri kanagatlanma bilen ýatladylar.
Şeýle hem telefon söhbetdeşligidne Azerbaýjanyň hökümetiniň wekiliýetiniň häzirki wagtda Eýranda saparda bolýandygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirýändigi bellenildi.























