DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa Eýrana guralyp bilinjek täze hüjümlere alada bildirýär
Töwellaçylyk tagallalaryna goldaw berýändiklerini mälim eden Russiýa, gepleşik etabyna goldaw bermäge taýardygyny mälim etdi.
Russiýa Eýrana guralyp bilinjek täze hüjümlere alada bildirýär
Russiýa Eýrana guralyp bilinjek täze hüjümlere alada bildirýär

Russiýa, Eýrana garşy täze harby hüjümleriň meýilleşdirilýändigi baradaky habarlara uly alada bildirýändigini mälim etdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, Eýranyň daş-töwereginde başdan geçirilýän wakalar hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Eýranyň  sebäpsiz ABŞ bilen Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýandygyny nygtan Zaharowa, sebitdäki çaknyşygyň heniz bes edilip bilinmändigini we Ýakyn Gündogardaky beýleki krizisler bilen arabaglanşykly ýagdaýa gelendigini gürrüň berdi.

Mariýa Zaharowa “Eýrana garşy täze harby hüjümiň meýilleşdirilmegine uly alada bildirýäris” diýdi.

Soňky aýlardaky harby hüjümlerde eýranyň halkynyň ýurdunyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny goramaga dowam etjekdigini görkezendigini aýdan Zaharowa, täze hüjüm howpy meselesinde bu meselä üns berilmelidigini nygtady.

Sebitdäki ýagdaýyň kadalaşmagy üçin diplomatiýa taýdan edilýän tagallalaryň artdyrylmagy üçin çagyryş eden Zaharowa, Russiýanyň töwellaçylyk tagallalaryna goldaw berýändigine we gepleşik etabyna goşant goşmaga taýardygyna ünsi çekdi.

Mariýa Zaharowa, Ormuz bogazy meselesiniň gysga wagtda çözülmegine garaşýandyklaryny ýatlatdy.

 

 

 

Öwren
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”
Ukraina 1214 dron bilen Russiýa hüjüm gurady
Kanada bilen BAE Giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy
Russiýa Ukrainanyň Herson ugrunda wagtlaýyn ot açmagy bes etmek barada karara geldi
Arap koalisiýasy: "Husiler tarapyndan Saud Arabystanyna uçurylan üç raketa we dört UHU ýok edildi"
Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Eýranyň arasyndaky dörttaraplaýyn maslahatyň jarnamasy
Terror guramasy PKK-niň Sinjardaky şahasy ýaraglaryny taşlap Yragyň harby goşuny bilen integrirlener
Russiýa: “Woronež sebitine guralan dron hüjüminde otludaky 2 adam ýogaldy”
Russiýa: Ukraina boýunça üçtaraplaýyn gepleşiklere 4-nji noýabrdan soň taýýar bolarys
Alžir Nigere esger ugradar
Braziliýada geçirlen saýlawda Lula da Silwa üstünlik gazandy
Russiýa: Ukrainadaky logistika merkezlerine we ýük gämisine hüjüm guradyk
Tramp uruşdan soň ABŞ-nyň Ukraina we Russiýa bilen söwda etmäge taýýardygyny aýan etdi
Russiýa: Ukrainada deňiz menzilini we ýük gämisini nyşana aldyk
Russiýanyň Prezidenti Putin Ukraina bilen ylalaşyga gelmäge taýýardyklaryny aýtdy
Hytaýyň Tibet awtonomiýasynda 7 bal ululygynda bolan ýer titremesi 16 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy
Kanadanyň Premýer-ministri Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň üstünde durup geçdi
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň geçirilmeýändigini we ýakyn wagtda "bir zatlaryň boljakdygyny" aýtdy
Saud Arabystanyndaky "Şa Fahd" adyndakyt halkara howa menziline guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Eýranyň Ynkylap goragçylary: “Pars aýlagynda nebit daşaýan dört gämi nyşana alyndy” diýdi