DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ýemende iş alyp barýan Husiler ýene-de bir gezek ABŞ-na degişli gämisini nyşana aldy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Gyzyl deňizde gämi gatnawyna garşy guralýan hüjümler dowam eden halatynda, Husilere berk gaýtawul görkezjekdigi barada duýduryş berdi.
Ýemende iş alyp barýan Husiler ýene-de bir gezek ABŞ-na degişli gämisini nyşana aldy.
18 Mart 2025

Ýemende iş alyp barýan Husiler, ABŞ-nyň Ýemende täze howa hüjümlerini başlatmagyndan soň, 24 sagadyň dowamynda ikinji gezek Gyzyl deňiziň demirgazygynda ýene-de bir Amerikan uçar gämisini raketalar we uçarmansyz howa ulaglary bilen nyşana aldy.

Husi güýçleriniň metbugat sekretary Ýahýa Seri, duşenbe güni beren beýannamasynda, “Amerika tarapyndan ýurdumyza guralýan hüjümlere jogap hökmünde, Ýemeniň Ýaragly güýçleri (Husi güýçleri) Gyzyl deňiziň demirgazygynda Amerikan uçar gämisi US Harry Trumany 24 sagadyň dowamynda ikinji gezek nyşana aldy”diýdi.

Seri, birnäçe sagat dowam eden çaknyşykda balistiki raketa bilen birlikde uçarnasyz howa ulaglarynyň ulanylandygyny belledi.

Husileriň metbugat sekretary, Ýemene guralýan hüjümler dowam eden halatynda degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini belledi.

Beýleki tarapdan, Husilere degişli Al-Masirah TW, Ýemeniň günbataryndaky Hodeida we demirgazygyndaky Al-Žawf sebitlerine ABŞ tarapyndan 6 howa hüjüminiň guralandygyny habar berdi.

Habara görä, iki howa hüjüminde Hodeidanyň Zabid etrapçasynda ýüplük fabrigi, 4 howa hüjüminde bolsa Al-Žawfyň Al Hazm etrapçalary nyşana alyndy.

Hüjümlerde çekilen adam pidasy hakynda maglumat berilmedi.

Amerikan tarapy hem Husileriň beýannamasy hakynda heniz hiç hili maglumat bermedi.

“Dowzaha öwürerin”

Husileriň Saglygy goraýyş ministrligine görä, şenbe güni ABŞ-Britaniýa tarapyndan guralan hüjümlerde azyndan 53 adam ýogaldy, 98 adam ýaralandy.

Hüjümler, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Eýran tarapyndan goldanýan toparyň Gyzyl deňizde deňiz gatnawyna zeper ýetirýän hüjümlerini dowam etdiren halatynda “sebiti dowzaha öwürjekdigi” hakyndaky beýannamasyndan soň guraldy.

Husiler, 7-nji martda Ysraýyla gabaw astyndaky Gaza Sektoryna ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin 4 gün möhlet beripdi. Şol günden soň Ysraýyl bilen arabaglanşykly gämilere garşy gaýtadan reýd geçirmäge başlajakdyklaryny mälim edipdi.

Husiler, 2023-nji ýylyň ahyryndan bäri, Gaza goldaw berýändiklerini görkezmek üçin Gyzyl deňizde we Arap deňizinde, Bab al-Mandeb bogazyndan we Aden aýlagyndan geçýän Ysraýyl bilen arabagşanşykly gämilere raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guraýar we halkara söwda gatnawyny bökdeýär.

Husiler, ýanwar aýynda Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky atyşygyň bes edilendiginiň yglan edilmeginden soň hüjümlerini togtadypdy.

Emma Ysraýylyň 2-nji martda Gaza berilýän ynsanperwer kömegini bökdemegi sebäpli hüjümlerine başlajakdygyny mälim edipdi.

 

 

Öwren
Eýran ylalaşygyň çäginde Ormuz bogazyny söwda gämileri üçin açandygyny habar berdi
Siriýanyň harby goşuny, ABŞ-nyň yza çekilmeginden soň Hasekedäki Kasrak howa bazasyna girdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde üç adam ýogaldy
Eýran bäş arap ýurduny ABŞ we Ysraýyl bilen dildüwşük etmekde aýyplaýar
Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin Pekinde Russiýanyň daşary işler ministri Lawrow bilen duşuşdy
ABŞ-nyň gabawyna garamazdan deňiz gatnawy dowam edýär, 25 gämi Ormuz bogazyndan geçdi
Ysraýylyň Liwana guran soňky hüjüminde 17 adam ýogaldy
Yslamabad gepleşikleri: Eýran 5 ýyl möhlet bilen togtatmagy teklip edýär, ABŞ 20 ýyl talap edýär
Tramp Eýrana garşy täze harby hüjümleriň guralmagyny seljerýär
Arakçi: Eýran we ABŞ Yslamabad gepleşikleri çökmeden ozal ylalaşyga örän ýakyndylar
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky Pasha baýramy mynasybetli ýaraşyk möhleti tamamlandy
Eýran: Gepleşikler ABŞ-nyň "akylsyz" talaplary sebäpli şowsuz boldy
ABŞ-nyň Eýran söweşinde birnäçe drony hatardan çykaryldy
Ysraýyl Gazada polis gözegçilik merkezine hüjüm gurady
Russiýa Ukraina bilen Pasha baýramy mynasibetli atyşygy bes etdi
Russiýa ukrainaly müň esgeriň jesedini yzyna berdi
Pakistan Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerini ýazgardy
Liwanda Ysraýylyň guran hüjümlerinden soň 1 günlük milli ýas yglan edildi
Hizbullah Ysraýylyň demirgazygyna raketa hüjümini gurady
Ysraýylyň ABŞ-Eýran ylalaşygyndan soň Liwana guran hüjüminde azyndan 4 adam ýogaldy