SYÝASAT
1 minut okamak
Arap ýurtlary Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasy kanunyny ýazgardy
Arap ýurtlarynyň Içeri işler ministrleri Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasy kanunynyň dartgynlyga sebäp boljakdygy barada duýdyryş berdi.
Arap ýurtlary Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasy kanunyny ýazgardy
Arap ýurtlary Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasy kanunyny ýazgardy / Reuters
2 Aprel 2026

Arap ýurtlarynyň Içeri işler ministrleri Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasy kanunyny ýazgardy we bu başlangyjyň dartgynlygyň möwjemegine sebäp boljakdygyny mälim etdi.

Arap ýurtlarynyň Içeri işler ministrleri geňeşiniň 43-nji maslahaty wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Maslahatda Ysraýylyň halkara hukugyny basgylanmaga dowam edýändigi nygtaldy we kanunyň dartgynlygyň möwjemegine sebäp boljakdygy barada duýdyryş berildi.

Gazadaky we basyp alynşyk astyndaky palestinliler hem kanuna garşy protest ýörişini geçiripdi.

Ysraýylyň parlamentinde tassyklanan kanun, Ysraýylyň tussaghanalaryndaky palestinli tussaglylara ölüm jezasynyň berilmegini göz öňünde tutýar.

Kanun ysraýyllylar tarapyndan hem tankyt edildi.

Nobel baýragynyň eýesi bolan alymlar, ozalky harby resmiler we Ýokary kazyýetiň kazylary bilen birlikde 1200 adamlyk topar, palestinli tussaglylar üçin ölüm jezasynyň girizilmegi baradaky kanuny “ahlak taýdan gara tegmil” hökmünde häsiýetlendirdi.