TÜRKIÝE
1 minut okamak
Burhanettin Duran Saud Arabystanynda guralan hüjümlere reaksiýa bildirdi
Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran: "Saud Arabystanynda asuda ilaty we howa menzillerini nyşana alan, adam pidalaryna we ýaralanmalara sebäp bolan hüjümleri berk ýazgarýaryn" diýdi.
Burhanettin Duran Saud Arabystanynda guralan hüjümlere reaksiýa bildirdi
Burhanettin Duran Saud Arabystanynda guralan hüjümlere reaksiýa bildirdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran Saud Arabystanynyň Riýad howa menziline guralan hüjümden soň sosial media hasabyndan beýanat berip, adam pidalaryna we ýaralanmalara sebäp bolan hüjümleri berk ýazgardy.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran: "Saud Arabystanynda asuda ilaty we howa menzillerini nyşana alan, adam pidalaryna we ýaralanmalara sebäp bolan hüjümleri berk ýazgarýaryn. Sebiti täze çaknyşyklara we betbagtçylyga eltmegi maksat edinýän şeýle hüjümlere garşy halkara jemgyýetçiliginiň birleşen we berk pozisiýasy sebitleýin parahatçylygy gorap saklamak üçin örän möhümdir. Hüjümde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna gynanç bildirýärin we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýärin; şeýle hem Saud Arabystanynyň doganlyk halkyna çuňňur gynanç bildirýärin" diýip belledi.