SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp: Ukraina Russiýa ýer bermeli
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý duşenbe gün Ak Tamda Tramp bilen duşuşar
Tramp: Ukraina Russiýa ýer bermeli
18 Awgust 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Truth Sosial platformasyndaky ulanyjynyň Ukrainanyň Russiýa ýer bermäge taýar bolmalydygy baradaky habaryny paýlaşdy.

Tramp, ýekşenbe güni “Ukraina Russiýa ýer bermegi kabul etmän halatynda söweş uzaga çeker we has köp ýer ýitirmäge dowam eder” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio ozal beren beýannamasynda Russiýa bilen Ukrainanyn parahatçylyk şertnamasyny baglaşmagy üçin egilşik etmelidigine ünsi çekipdi.

Rubio Foks Nýus kanalyna beren beýannamasynda “Söweşýän taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylmagy üçin iki tarap hem egilşik etmeli. Diňe bir tarapyň islän zadyny almagy parahatçylyk şertnamasy däl eýsem boýun egmek bolar” diýdi.

Rubio, “Ýer meselesine Ukraina karar berer, sebäbi olaryň ýeri we olaryň ýurdy” diýip belledi.

Tramp bilen Putiniň Alýaskada ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirlen duşuşygy 3 sagat dowam etdi.

Putin duşuşykdan soň ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi.

Tramp duşuşykdan soň Foxs Nýusa beren beýannamasynda umuman alnanda ylalaşyk gazanylandygyny we kiçi girim meseleleriň galandygyny aýdypdy.

Ak Tam duşuşygy

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin şu gün Ak Tamda Tramp bilen duşuşar.

Ýewropaly liderler bilen NATO-nyň başlygy hem Ukraina gepleşiklerine gatnaşmak üçin duşenbe güni Waşingtona gider.

Waşingtonda geçiriljek Ukraina gepleşigine Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Italiýanyň Premýer-ministri Meloni, Germaniýanyň Federal Kansleri Merz, Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksander Stubb, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen we NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte gatnalar.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär