DÜNÝÄ
1 minut okamak
Laguardiýa howa menzilindäki uçar heläkçiliginde iki adam ýogaldy
Air Canada Express howa ýollary kärhanasyna degişli uçar Laguardiýa howa menziline gonan mahaly howa menziline degişli ulaga kakdy
Laguardiýa howa menzilindäki uçar heläkçiliginde iki adam ýogaldy
Laguardiýa howa menzilindäki uçar heläkçiliginde iki adam ýogaldy
Duş 9 Ýek

ABŞ-nyň CNN we NBC ýaly habar beriş serişdeleriniň duşenbe güni beren maglumatyna görä, Nýu-Ýorkuň Laguardiýa howa menzilinde ýangyn söndüriji ulagy kakan uçaryň uçarmany we kömekçi uçarman ýogaldy.

ABC telewideniýe kanaly ýagdaýdan habarly resmilere salgylanyp, 11 ýolagçy we iki ilkinji kömek işgäri bolmak bılen jemı 13 adamyň ýaralanyp, hassahana äkidilendigini habar berdi.

Uçar saparlary togtadyldy

Heläkçilikden soň Laguardiýa howa menzilindäki ähli uçar saparlary togtadyldy.

Nýu-Ýorkyň polisiýa gullugy uçaryň howa menziline degişli ulaga degendigini tassyklady, ýangyn söndüriş gullugynyň işgärleri bolsa ekipažlaryň şol wagt howa menziliniň uçuş-gonuş zolaklarynyň birinde bolan waka bilen baglanyşykly çäre görýändigini aýtdylar. Federal awiasiýa edarasy bökdençlikleriň dowam edip biljekdigini duýdurdy we uçar saparlarynyň togtadylmagyny buýurdy.

Uçarlara gözegçilik hyzmaty “Flightradar24” Monrealdan gelen uçaryň gonuş zolagyndaka halas ediş we ýangyn söndüriş ulagyna kakandygyny habar berdi.

Resmiler entek adam pidalarynyň bolup-bolmandygyny tassyklamadylar, ýöne internetde ýaýran suratlarda uçaryň burnunda we onuň töwereginde uly zyýanyň bardygyny, gyssagly kömek gulluklarynyň bolsa uçaryň töweregini gurşap alandygyny görüp bolýar.