ABŞ-nyň prezidenti Kiýewiň ýaranlarynyň arasynda Ukrainanyň harby işlerini çäklendirmek baradaky meýilnamanyň teklipleri barada alada bildirilenden soň beren beýanatynda: "Biz parahatçylygy gazanmak isleýäris. Bu köp wagt mundan ozal bolmalydy" diýip belledi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýa-Ukraina urşuny bes etmek üçin ABŞ tarapyndan işlenip düzülen 28 maddadan ybarat meýilnamanyň Kiýew bilen onuň ýaranlarynyň arasynda alada döredenden soň, ol meýilnamanyň "soňky teklip" bolmajakdygyny aýtdy.
Donald Tramp şenbe güni Ak Tamdan çykyp barýarka žurnalistlere beren beýanatynda: "Biz parahatçylyk gazanmak isleýäris. Bu köp wagt mundan ozal bolmalydy. Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky uruş hiç haçan bolmaly däldi" diýip, aýtdy.
“Biz muny tamamlamaga synanyşýarys. Nähili bolsa-da, biz ony tamamlamalydyrys” diýip aýdan Tramp, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý meýilnamany ret etse, “ähli güýji bilen göreşmäge dowam edip biljekdigini” nygtady.
Taslamanyň düzüminde Ukrainanyň Russiýa goşmaça territoriýa bermegi, goşunynyň sanyny çäklendirmegi we NATO-nyň düzümine goşulmak üçin resmi taýdan ýüz öwürmegi ýaly talaplaryň bardygy çak edilýär.
Tramp ukrainaly kärdeşi Wladimir Zelenskä jogap bermegi üçin penşenbe gününe çenli wagt berdi.
Zelenskiý bu tema boýunça paýlaşan wideosynda kyn saýlaw bilen ýüzbe-ýüzdigini aýdyp, "abraýlarynyň ýitmek ýa-da möhüm hyzmatdaşyny ýitirmek howpynyň bardygyny" belledi.
Şenbe güni irden dokuz Ýewropa ýurdunyň liderleri, şeýle hem Ýaponiýanyň, Kanadanyň we ÝB-niň ýokary derejeli resmileri meýilnamanyň Ukrainanyň ýaragly güýçlerine çäklendirmeleri barada alada bildirýändiklerini aýtdylar we munuň "Ukrainiýany geljekki hüjüme garşy goragsyz galdyrjakdygyny" belläp duýduryş berdiler.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukrainanyň territoriýasyna tapawutly ugurlardan hüjüm edip, muny Ukrainanyň "denanifikasiýasy" we ýaragsyzlandyrylmagy üçin edendigini aýtdy.
Moskwa Ukrainanyň goşunyny çäklendirmekden we Ukrainanyň NATO agzalygyna päsgel bermekden başga-da, rus diliniň Ukrainanyň resmi dilleriniň biri edilmegini we ýurduň territoriýasynyň uly böleginiň Russiýa berilmegini talap edýär.










