Microsoft 22 ýyldan bäri dowam edýän Skype platformasyny ýapar

Ulanyjylar Microsoft Teams arkaly kontaktlaryna we söhbetdeşliklerine girip bilerler.

Microsofta degişli bolan internet arkaly söhbetdeşlik we telefon hyzmatlaryny hödürleýän meşhur Skype platformasy duşenbe güni ýapylar.

Inženerler tarapyndan taýarlanan söhbetdeşlik platformasy 2011-nji ýylda Microsoft tarapyndan satyn alnypdy.

Microsoft şu ýylyň 28-nji fewralynda Skype-iň ömrüniň gutarýandygyny mälim edipdi.

Microsoft tarapyndan berlen beýannamada “Skype 2025-nji ýylyň maý aýynda ýapylar” diýlipdi.

Microsoft,  Skype hasaplaryny ulanyp, Microsoft Teams Free hyzmadyna girmegi we ähli söhbetdeşliklerini hem-de aragatnaşyklaryny saklamagy teklip etdi.

Beýannamda Teams arkaly ulanjylaryň Skype-da ulanýan birek-birek bilen jaňlaşmak, toparlaýyn jaňlar we habarlaşmak ýaly ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp biljekdikleri bellenildi.

Başga bir beýannamda hem “2025-nji ýylyň 5-nji maýyndan soň Skype Dial Pad hyzmady galan tölegli ulanyjylar üçin Skype web portalyndan we Teams arkaly elýeterli bolar” diýildi.