Ysraýylyň harby goşuny, müňlerçe adamyň sebiti terk etmegi üçin duýduryş bermeginden soň Beýrudyň çetki etrapçalaryna täze howa hüjümini gurandygyny habar berdi.
Liwanyň Milli habarlar gullugy NNA-nyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby uçarlary häzire çenli azyndan 5 howa hüjümini gurady.
Hüjümde Al-Žamous we Al-Saher hassahanalarynyň golaýynda ýerleşýän Haret Hreik etrapçasy nyşana alyndy.
Ysraýylyň harby goşuny penşenbe güni Beýrudyň günortasynda ýerleşýän çetki etrapçalara täze howa hüjümini guramazdan öň sebitiň ýaşaýjylaryny ýaşaýan ýerlerini terk etmekleri üçin görkezme beripdi.
Ysraýylyň harby goşunynyň metbugat sekretary sebitiň ýaşaýjylaryna Liwan daglaryna tarap gitmekleri üçin çagyryş etdi.
Çaknyşyklar möwjeýär
Ysraýylyň harby goşuny duşenbe gününden bäri Liwanyň çar tarapyna hüjüm guraýar.
Hizbullahyň serhetaşa hüjümlerinden soň 120-den gowrak adamy öldürdi we 700-e golaý adamy ýaralady.
Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Eýrana garşy şenbe gününden bäri guraýan bilelikdäki hüjümlerinde häzire çenli dini lider Ali Hamaneý bilen birlikde 900-den gowrak adam ýogaldy.
Eýran hem Ysraýyla we ABŞ-nyň Aýlag ýurtlaryndaky harby merkezlerine raketa we dron hüjümlerini guraýar.
Beýleki tarapdan Ysraýyl Liwan bilen 2024-nji ýylda gazanylan ylalaşygy bozmaga dowam edýär. Her gün diýen ýaly guralýan hüjümler ýüzlerçe adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp boldy.
Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Liwana garşy hüjüm başladypdy, hüjümler 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda uly göwrümli söweşe öwrüldi.
Çaknyşyklarda 4 müňden gowrak adam ýogaldy, 17 müňe golaý adam hem ýaralandy.













