Azerbaýjan-Gruziýa serhediniň golaýynda heläkçilige uçran C-130 harby ýük uçarynyň bölekleriniň aglabasy Türkiyä getirildi.
Geçen hepde dessine ýola goýlup, wakanyň bolan ýerine iberilen heläkçilik derňew topary öz işini dowam etdirýär. Sebitdäki jikme-jik barlaglardan soň, uçaryň galyndylary ýük awtoulaglaryna üns bilen ýüklendi. C-130-yň bölekleriniň köpüsi Türkiyä getirildi.
Galyndylary Milli Goranmak ministrliginiň Harby zawodlar müdirligine degişli Iç Anadoluda Kaýseri welaýatynda ýerleşýän 2-nji Howa tehniki hyzmat zawod müdirliginde barlanar.
Beýleki tarapdan bolsa uçaryň gara gutusy çözülmäge başlandy. Wakanyň sebäbiniň ýerinde barlaglar we gara gutunyň şifriniň açylmagynyň tamamlanmagyndan soň kesgitlenmegine garaşylýar. Wakany derňeýän topar heläkçilik bolan ýerde hepdäň ahyryna çenli işini dowam etdirer.
Türkiyäniň Harby-howa güýçlerine degişli C-130 uçary 11-nji noýabrda Azerbaýjan-Gruziýa serhediniň golaýynda ýere gaçdy we uçardaky 20 harbynyň hemmesi öldi.
Duşenbe güni Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň žurnalistlere beren interwýusynda Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler uçuş ýazgylaryny çözmek we ilkinji netijeleri almak üçin azyndan iki aý gerek boljakdygyny aýdypdy.















