Ukrainanyň goşunynyň Harby-howa güýçleri serkerdeligi tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Russiýanyň gije ýurdyň dürli sebitlerine howa hüjümleri gurandygy habar berildi.
Beýannamada Russiýanyň goşunynyň Ukraina 17 raketa we 202 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygy, howa goranyş güýçleriniň 174-sini ýok edendigi bellenildi.
Harkow welaýatynyň harby dolanşygynyň başlygy Oleg Sinegubow hem öz sosial media hasabynda beren maglumatynda, Russiýanyň Harkow şäherine guran hüjüminde 2 adamyň ýogalandygyny we 21 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Ukrainanyň Döwlet Adatdan daşary ýagdaý gullugynyň (DSNS) sosial media hasabyndan berlen beýannamada, Russiýanyň Odessa şäherine guran hüjümlerinde 8 adamyň ýaralandygy mälim edildi.

















