Syn we garaýyşlar
SYÝASAT
4 minut okamak
Türkiýe, Ukrainanyň parahatçylyk gepleşiklerinde geosyýasy taýdan deňagramly syýasat alyp barýar
Ukrainanyň atyşygyň bes edilmegi üçin tagalla edýän günlerinde Ankaranyň diplomatik tagallalary we geosyýasy taýdan deňagramly syýasat alyp barmagy, Türkiýäni Ýewropanyň üýtgeýän howpsuzlyk ulgamynyň merkezine ýerleşdirýär.
00:00
Türkiýe, Ukrainanyň parahatçylyk gepleşiklerinde geosyýasy taýdan deňagramly syýasat alyp barýar

Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi üçin uly tagalla edilýär. Saud Arabystanynda geçirlen ýokary derejeli gepleşiklerden soň Kiýew, resmi Waşingtonyň 30 gün möhlet bilen atyşygyň bes edilmegi teklibini kabul etdi. Munyň öwezine ABŞ hem Ukraina berýän harby kömegini dowam etdirer we maglumat çalşygyny gaýtadan başlatdy. Şeýlelikde çaknyşygyň dinamikalary ýene-de bir gezek üýtgedi. Teklibe Moskwanyň berjek jogabyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýar, emma käbir aladalar hem dowam edýär. Atyşygyň bes edilmegi hakykatdan hem söweşiň bes edilmegini ýola goýup bilermi?

Bu tapgyrda eýsem Türkiýe uzak möhletli parahatçylyk etabynda nähili rol oýnar?

Günbatarly ýurtlaryň Moskwa garşy berk tutum alyp barýan döwründe Türkiýe, hem Russiýa hem-de Günbatarly ýurtlar bilen deňagramly gatnaşyk edip töwellaçy rolyny öz üstüne aldy.

Bu täze strategiýa däl. Ankara uzak ýyllardan bäri geosyýasy ýerleşişini sebitara durnuklylygy goramak we strategik garaşsyzlygyny dowam etdirmek üçin ulanýar. Mundan başgada parahatçylyk gepleşikleriniň gaýtadan gün tertibine getirilmegi bilen Türkiýäniň diplomatik we harby täsiri meseläniň çözülmeginde uly rol oýnap biler.

Gündogar bilen Günbataryň arasynda töwellaçy

Türkiýe söweşiň başlan gününden bäri deňagramly syýasat alyp barýar. NATO-nyň agzasy hökmünde Russiýanyň hüjümlerini ýazgardy we Ukrainanyň territorial bitewiligine goldaw berdi.

Şol bir wagtda Moskwa sanksiýa goýmakdan gaça durdy we Russiýa bilen söwda we howpsuzlyk taýdan gatnaşyk etmäge dowam etdi. Türkiýe alyp barýan deňagramly syýasatynyň çäginde 2022-nji ýylda Stambulda atyşyň bes edilmegi maksady bilen geçirlen gepleşiklere ýer eýeçiligini etdi we halkara azyk krizisiniň ortadan aýrylmagy üçin Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň gazanylmagynda uly rol oýnady.

Dartgynlyklaryň ýokarlandygyna garamazdan Prezident Erdogan gepleşikleriň dowam etdirilmegi üçin tutanýerli syýasat alyp bardy. Daşary işler ministri Hakan Fidan ýaňy ýakynda Türkiýäniň täze parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçiligini etmäge taýardygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Bu çemeleşme Türkiýäniň alyp barýan giň gerimli daşary syýasatyna hem bap gelýär. Türkiýe Gara deňizde durnuksyzlyga sebäp bolup biljek söweşiň öňüni almak üçin tagalla edýär, şeýle senari Türkiýäniň howpsuzlygy taýdan hem diýseň wehim.

Geosyýasy maksatlar

Türkiýäniň töwellaçylyk tagallalary parahatçylyga esaslanýar, strategik bähbitleri hem bu etapda uly rol oýnaýar. Ukrainadaky söweşiň uzak dowam etmegi, sebitara söwda ýollaryna, energetika üpjünçiligine zeper ýetirip biler we ykdysady näbelligi artdyryp biler.

Mundan başgada söweş NATO bilen Russiýanyň arasynda çaknyşyga öwrülen halatynda Türkiýe has kyn ýagdaýa düşer. Ankara, Moskwa we Kiýew bilen aragatnaşyk saklamak arkaly gelejekdäki howpsuzlyk gepleşiklerinde täsirini artdyrmagy maksat edinýär.

Türkiýäniň işjeň roly soňky gezek Londonda geçirlen Ýewropa howpsuzlyk sammitinde ýene-de bir gezek özüni görkezdi. ÝB-ne agza ýurtlardan daşary Türkiýäniň sammite çagyrylmagy, Ankaranyň Günbataryň howpsuzlygy bilen Ýewraziýanyň bähbitleriniň arasynda köprü wezipesini ýerine ýetirýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.

Ýewropaly käbir liderler Ankaranyň ÝB-ne agzalygyna ikirjiňli garaýan bolsa-da Polşanyň Premýer-ministri 12-nji martda Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşyp, sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Beýleki tarapdan NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte, ÝB-ne Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmegi üçin çagyryş berdi.

Türkiýäniň NATO-daky dinamikalary

Türkiýe, NATO-nyň howpsuzlyk gurluşygynda uly rol oýnaýar. ABŞ-nyň alyp barýan syýasatlary, Ýewropaly liderleriň strategik garaşlylyklaryny täzeden gözden geçirmegine sebäp boldy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň NATO baradaky garaýşynyň üýtgemegi, Waşingtona bolan ynam meselesini gün tertibine getirdi we Ýewropanyň garaşsyz howpsuzlyk gurluşyny ösdürmeginiň zerurdygyny görkezdi. Bu meselede Türkiýäniň güýçli harby mümkinçiligi, ony ýüz öwrülmesiz harby hyzmatdaş ýagdaýyna getirýär.

Ankara şol bir wagtda garaşsyz goranyş syýasatyny alyp baryp, ýerli harby tehnalogiýasyna maýa goýdy we çaknyşyk sebitlerinde täsirini artdyrdy.

Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary senagaty Ukrainanyň goranyşynda uly rol oýnady, deňiz güýçleri hem Gara deňiziň howpsuzlygynyň ýola goýulmagynda jogapkärçilikli hereket edýär.

Geljekki ýol

ABŞ-nyň atyşygyň bes edilmegi teklibiniň gün tertibine getirilmegi bilen Türkiýe, mundan soňky parahatçylyk tapgyrynda alyp barjak syýasatyny kesgitlemeli.

Russiýa teklibi kabul eden halatynda, Ankara etabyň hemaýatkäri hökmünde hereket edip biler. Atyşyň şertleriniň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edip biler we ynamy artdyryjy çäreler üçin gepleşik geçirip biler. Moskwa teklibi kabul etmän halatynda bolsa Türkiýe, Russiýa bilen edýän ykdysady gatnaşyklary sebäpli NATO-daky ýaranlarynyň basyşyna sezewar bolup biler.

Türkiýe diplomatik tagallalarynyň öwezine ÝB-ne bilen agzalyk gepleşikleriniň başladylmagyny, türk raýatlary üçin wizasyz syýahat hukugynyň berilmegini we Gümrük bileleşigi şertnamasynyň gaýtadan gözden geçirilmegini talap ediler biler.

 

 

 

Öwren
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Bişkege bardy
Tramp “Men ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym Ysraýyl ýok bolardy”
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Ukraina Samara sebitindäki senagat desgasyna we Ozon onlaýn söwda ammaryna hüjüm gurady
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy: “Duşmanyň täze howplaryna degişli gaýtawuly görkezeris”
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”
Ýaponiýa: “ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Tramp, ABŞ-Eýran gepleşiklerini bökdän halatynda Omany bombalamak bilen hemle atdy
Tramp: “Esasy maksadymyz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak”