TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdogan Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Wenesuela we Gaza meselelerini gozgady
Erdogan bilen Tramp Türkiye-ABŞ gatnaşyklaryny, goranmak hyzmatdaşlygyny we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Erdogan Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Wenesuela we Gaza meselelerini gozgady
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan

Türk resmileri Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň iki taraplaýyn gatnaşyklary, sebitleýin we global meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berdiler.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, iki lider Türkiye bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar, goranmak senagatyndaky hyzmatdaşlyk, iki ýurduň arasyndaky söwda möçberi maksadyna ýetmek üçin edilmeli ädimler, şeýle hem Gaza we Wenesuela ýaly sebitleýin we global meseleler barada pikir alyşdylar.

Erdogan ozal beren beýanatynda telefon söhbetdeşliginde Ankaranyň Wenesuela bilen bagly aladalaryny ýetirendigini habar beripdi.

Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň eden çykyşynda: “ABŞ-nyň prezidenti Tramp bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligimizde Türkiyäniň aladalaryny oňa ýetirdik. Wenesuelanyň durnuksyzlyga sezewar edilmeli däldigini nygtadyk” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiyäniň Wenesuela halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini beýan etdi.

Erdogan: “Türkiye we türk halky dostlukly Wenesuelanyň halkynyň abadançylygy, parahatçylygy we ösüşi gazanmak ugrundaky tagallalarynda olary goldamaga dowam eder” diýdi.

Ak Tam telefon söhbetdeşligi barada entek beýanat bermedi.

Öwren
Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirler
Döwlet agdarylyşygyna edilen synanyşykda Erdoganyň janyna kast etmäge çalşan FETÖ agzasy ele salyndy
Ýunus Emre Instituty Türk Dili Boýunça  Halkara Derejesinde Ykrar Edilýän Synag (TYS) Geçirýär
Prezident Rejep Taýyp Erdogan Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Yragyň Ýokary kazyýet geňeşiniň başlygy Zeýdany kabul etdi
Türkiyede adamlaryň ortaça ýaşy 78,5 ýyla ýetdi
Türkiýe ählumumy ynsanperwerlik kömeginiň gerimini giňeldýär we 85 ýurda goldaw berýär
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi
Türkiye Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryny iberdi
Yragyň Premýer ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Aýasofýanyň ybadata açylmagynyň 6-njy ýyly bilen gutlady
Türkiye ysraýylly ministriň Aksa metjidinde reýd geçirmegine reaksiýa bildirdi
Türkiyäniň AKÝA torpedosy hakyky ot açyş synagynda nyşana alnan gämini ýok etdi
Türkiye: "Biz 90 ýyl bäri Montrýo bogazlary konwensiýasyny üns bilen ýerine ýetirýäris"
Daşary işler ministri Hakan Fidan katarly kärdeşi bilen duşuşdy
Egeý deňzinde 39 migrant tussag edildi, 8-si bolsa halas edildi
Türkiýe 4 aýda 23,5 million dollarlyk doňdurma eksport etdi
Malatýanyň Battalgazi etrabynda 5 bal ululygynda ýer titredi
15-nji iýuldan soň Daşary syýasat we Türkiyäniň geljekki maksatnamalary
15-nji Iýuldan Soňky Energetika Syýasatlary