SYÝASAT
2 minut okamak
Palestinaly žurnalist Ysraýylyň Han Yunusa guran hüjüminde diriligine ýanyp, heläk boldy
Ysraýylyň bombaly hüjümi netijesinde ýanyp, aradan çykan žurnalistiň “Palestin Todaýyň” habarçysy Ahmed Mansurdygy habar berilýär.
Palestinaly žurnalist Ysraýylyň  Han Yunusa guran  hüjüminde diriligine ýanyp, heläk boldy
Palestinaly žurnalist Han Yunusdaky Ysraýyl hüjüminde diriliğine ýanyp, heläk boldy / x
7 Aprel 2025

Ysraýyl gabaw astyndaky Gazanyň günortasynda ýerleşýän Han Yunus şäherindäki Nasser hassahanasynyň golaýyny nyşana alyp, adam pidalaryna sebäp boldy. Bu hüjümde Tel-Awiwiň hassahananyň golaýyndaky žurnalist çadyryny nyşana almagy netijesinde bir palestinaly žurnalist ýanyp, heläk boldy.

Ýekşenbe güni internete ýaýran agyr we gynançly wideolarda, žurnalistiň alawlaryň arasynda galandygy, palestinalylaryň we halas ediş işgärleriniň bolsa ýangyny söndürmäge synanyşýandygy görkezilýär.

Habarlarda aýdylmagyna görä heläk bolan žurnalist “Palestin Todaýyň” habarçysy, şol bir wagtyň özünde bir çaganyň kakasy bolan Ahmed Mansur diýip tanalýar.

Palestinaly žurnalist Wael Abo Omar “X” sosial media platformasyndaky habarnamasynda;

“(Ysraýylyň) raketalary kärdeşimiz Ahmed Mansury ýakdy. Häzirki wagtda ol agyr ýagdaýda reanimasiýada. Nasser hassahanasyndaky žurnalistleriň düşelgesindäki çadyrynyň nyşana alynmagy netijesinde ol agyr ýanma şikesleri bilen ejir çekýär” diýip ýazdy.

Gazadaky fotosuratçy žurnalist Mahmud Bassam bolsa Mansuryň diri galmagy üçin “gudrata” mätäçdigini aýtdy.

Hüjümde başga-da iki žurnalistiň öldürilendigi, beýlekileriniň bolsa ýaralanandygy habar berilýär.

Žurnalistlere garşy söweş

Ysraýyl rehimsiz hüjümi, gabaw astyndaky sebitde edilýän genosidi dünýä ýetirmäge synanşýan žurnalistlere garşy guralan hüjümleriň soňkusydyr.

 Mart aýynyň ahyrynda, Ysraýyl “Al Jazeera” teleýaýlymynyň habarçysy Hossam Şabaty we “Palestine Todaý” gazetiniň habarçysy Muhammet Mansury öldürdi.

Ysraýyl Gazada genosidiň başlan günlerinden bäri daşary ýurtly žurnalistleriň sebitde iş alyp barmagyna ýol bermeýär, şol bir wagtda wakalary  dünýä ýetirmäge synanşýan palestinaly žurnalistleri nyşana almagyny dowam etdirýär.

Hossam Şabat geçen ýyl şeýle diýipdi:

“Mesele daşary ýurtly žurnalistleriň gelip bilmeýänligi däl, eýsem genosidi habar berýän palestinaly žurnalistlere sarpa goýulmazlygy.”

Soňky pidalar bilen birlikde Ysraýyl tarapyndan öldürilen žurnalistleriň sany 210-dan geçdi.

ABŞ-nyň resmisi mart aýynyň ahyrynda žurnalistleriň öldürilmeginiň harby jenaýat hökmünde kabul edilip-edilmejekdigi soralanda, bu soraga göni jogap bermekden saklandy we Waşingtonyň elmydama Ysraýylyň tarapynda durýandygyny nygtady.