Ali Larijani: Ozalky konserwatorlar bilen täze döwrüň arasynda köpri bolan “Döwrüň Adamsy”
Tejribeli syýasatçy, 40 ýylyň dowamynda Eýranyň howpsuzlyk, media we kanun çykaryş organlarynda ýokary wezipelerde işledi.
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretary Ali Larijani Ysraýylyň Tährana guran howa hüjüminde janyna kast edilip, öldürildi. Bu waka Larijaniniň Ynkylap goragçylarynyň serkerdeliginden başlap, Yslam Respublikasynyň strategik ähmiýete öwrülen 40 ýyllyk karýerasynyň soňuny getirdi.
Larijani analitikler tarapyndan “döwrüň adamsy” hökmünde häsýetlendirilýärdi.
Sowukganly dolandyryş usuly ozalky Ýokary Ýolbaşçy Ali Hameneiniň 28-nji fewralda janyna kast edilip öldürilmeginden soňky geçiş döwründe Eýranyň dolandyryş ulgamynyň bitewiligini dowam etdirmek taýdan möhüm hasaplanylýardy. Ol täze ýolbaşçysy Mojteba Hameneiniň saýlanmagyna çenli dowam etdi.
Häkimiýet koridorlarynda geçen ömür
1957-nji ýylyň 3-nji iýunynda Yragyň Nežef şäherinde dünýä inene Larijani, Eýranyň iň güýçli syýasy maşgalalaryndan birine degişlidi.
Ylmy tejribesi hem syýasy tejribesi ýaly baýdy. Şarif Tehnologiýa uniwersitetinde kompýuter ylymlary bölümini tamamlandan soň, Tähran uniwersitetinde pelsepewi ylymlarynyň doktory diýlen ylmy derejäni alýar.
Bu intellektual esas, soňky diplomatiýa we kanun çykaryş organlarynda eýelän wezipelerinde pragmatik hem-de takyk tejribe gazandyrdy.
Karýerine 1981-nji ýylda Merkezi maglumat bölüminiň başlygy wezipesi bşilen başlaýar, emma gysga möhlet soň, 1982-nji ýylda Yslamy ynkylap goragçylarynyň diwiziýasyna goşulyp, harby pudaga geçýär. 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Ynkylap goragçylary ministrliginde ýokary derejeli hukuky hem-de mejlis wezipelerinde işledi. 1989-1992-nji ýyllaryň aralygynda Yslamy ynkylap goragçylarynyň diwiziýasynda baş ştabyň başlygynyň orunbasary bolup işleýär.
Döwlet mediasndan atom dosýesine…
Larijani 1990-njy ýyllarda ünsüni ýurduň medeni we strategik pudagyna gönükdirdi.
1994-2004-nji ýyllaryň arasynda döwlet ýaýlym organy “İRİB-iň” ýolbaşçysy bolup işleýär.
Emma ony global arena çykaran başlangyç Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşine geçmegi bolýar. Mahmud Ahmedinežadyň prezidentlik döwründe Eýranyň ýadro dosýesini resmi taýdan dolandyran Larijani, ýokary howply halkara gepleşiklere işjeň gatnaşýar.
Mejlise geçmegi pozisiýasyny hasam berkitdi.
Gum şäherinden saýlanan halk deputaty hökmünde 2008-2020-nji ýyllaryň aralygynda yzly-yzyna üç döwür Mejlisiň Başlygy bolup işleýär.
Konserwatorlar bilen baglanşdyrylan hem bolsa, 2015-nji ýylda ýadro ylalaşygynyň kabul edilmeginde kesgitleýiji pozisiýa eýeläp, parasatly töwereklerde başarnygyny görkezdi.
Göreşiň simwoly
Larijani 2025-nji ýylda sebitleýin dartgynlygyň möwç alan döwründe Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarlygyna gaýtadan bellendi.
ABŞ-Ysraýyl söweşiniň başlamagyndan bäri döwletiň görkezen garşylygynyň jemgyýetçilik simwolyna öwrülipdi.
Geçen anna güni İýerusalim güni minitinginde halkyň arasynda görüldi we durnukly şahsyýet düşünjesini güýçlendirdi.
Ali Hameneiniň ölmeginden soň diskurslary güýçlendi
“Amerikalylary liderimiziň aryny alman goýbermeris” diýipdi.
Ölmezinden öň Eýranyň ABŞ-nyn bazalaryna guraýan hüjümlerini legallaşdyran resmi ýüzlenme çap etdi we çaknyşygy mejbury zerurlyk hökmünde beýan etdi.
“Eýran uruş gözlemeýär, emma mejbur bolsa yza-da çekilmez” diýipdi.
Sebit dolulygyna möwç alýan dartgynlyk şertlerini başdan geçirýärkä Larijaniniň ölmegi, täze Ýokary Ýolbaşçynyň ýakyn töwereginde uly boşluk emele getirdi.