Özbegistanda Türk dünýäsine laýyk elibpiýe geçmek üçin kanun kabul edildi
TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Özbegistanda Türk dünýäsine laýyk elibpiýe geçmek üçin kanun kabul edildiÖzbegistanda Latyn elipbiýine esaslanýan özbek elipbiýiniň Türk dünýäsinde ulanylýan umumy elipbiýe laýyk ýagdaýa getirilmegini göz öňünde tutýan kanun kabul edildi.
Özbegistanda Türk dünýäsine laýyk elibpiýe geçmek üçin kanun kabul edildi

Özbegistanyň Senagadynyň 19-njy Baş Assambleýasynda, 7-nji iýulda Parlamentiň Kanun çykaryjy mejlisi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylan we Senadyň garamagyna hödürlenen kanun taslamasy seljerildi.

Senadyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kanuna görä, täze özbek elipbiýi ýurtda häzir ulanylýan 26 harpy we 3 harp birleşiginiň ýerine 28 harp we bir kesme (')  alamatyndan ybarat bolar.

Häzirki wagtda “o”, “g”, “sh” we “jh” görnüşinde ulanylýan harpyň we birleşikleriniň degişli tertipde “ö”, “ğ”, “ş” we “ç” görnüşinde ýazylmagyna karar berildi.

Täze elipbiýde mundan başgada “ng” harp birleşigine ýer berilmändigi nygtaldy.

Şeýlelikde özbek elipbiýiniň Türkiýäniň başda durmagynda latyn elipbiýini ulanýan Türk dünýäsinindäki beýleki elipbiýler bilen bir meňzeş bolmagy göz öňünde tutulýar.

Täze düzgüniň güýje girmeginden soň, täze elipbiýine geçiş döwrü başlar.

Senatda kabul edilen kanun, Prezident Şawkat Mirziýoýewe hödürlendi. Täze elipbiý baradaky kanun Prezident tarapyndan tassyklanandan soň güýje girer.