Trampyň 50 göterimlik goşmaça salgyt hemlesine Pekinden berk reaksiýa bildirildi: “ABŞ öz ýoluny tutsa, Hytaý ahyryna çenli söweşer” diýildi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Hytaý önümlerine täze 50 göterim salgyt girizmek howpy dünýä bazarlarynda uly sarsgynlara sebäp boldy we Hytaý oňa berk reaksiýa bildirdi. Pekiniň hökümedi şol ädimlere “ahyryna çenli söweş” bilen jogap berjekdiklerini habar berdi.
Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat sekretary sişenbe güni beren beýanatynda: “ABŞ öz ýoluny tutsa, Hytaý ahyryna çenli söweşer. Trampyň howpy ABŞ-nyň şantaj häsiýetini ýene-de bir gezek äşgär edýär” diýp belledi.
Ministrlik ABŞ salgytlary artdyrsa, Hytaýyň öz hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin berk çäreleri görjekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, Hytaýyň henizem ABŞ bilen "gepleşik" isleýändigini we "söwda söweşinde ýeňijiniň bolmaýandygyny" beýan etdi.
Geçen hepde Trampyň beýan eden ýokary nyrh bilen bagly beýannamalary dünýä ykdysadyýetine zyýan ýetirdi, dünýä bazarlarynda çökgünlik gorkusy artdy. Muňa jogap hökmünde Hytaý penşenbe gününden güýje girjek ABŞ-nyň harytlaryna 34 göterim goşmaça salgyt saljakdygyny mälim etdi.
Hytaýyň jogabyndan soň Tramp ýene-de bir gezek hemle atyp: “Pekin yza çekilmese Hytaý önümleriniň umumy nyrhlaryny 104 göterime çenli salgyt giriziler” diýip belledi.
Tramp Ak Tamda beren beýanatynda: “Hytaýa uly hormatym bar, ýöne muny edip bilmeýärler. Bu meselede biziň bir mümkinçiligimiz bar ... Bu işi etmek meniň üçin mertebedir” diýdi.
Bazarlarda bulam-bujarlyk
Trampyň nyrhlary dünýä biržalarynda uly howsalalara sebäp boldy. Gonkongda Hang Seng indeksi, duşenbe güni Aziýanyň maliýe krizisinden bäri gündelik iň pes derejä ýetdi we 13,2 göterim hümmedini gaçyrdy. Sişenbe güni biraz hem bolsa dikeldi. Wall Streetde tolgunma dowam edýän bolsa, Dow Jones we S&P 500 gününi pinus görkeziji bilen ýapdy. Soňky günlerde bazarlardan trillionlarça dollar ýok edildi.
Trump duşenbe güni nyrhlary duruzmak bilen bagly hiç hili meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdy. Hytaý bilen meýilleşdirilen gepleşikleri ýatyrandygyny, ýöne gepleşikler geçirmek isleýän islendik ýurt bilen stoluň başynda oturmaga taýýardygyny aýtdy.
Duşenbe güni Hytaýda uly ýitgilerden soň, Hytaý Halk Banky sişenbe güni irden döwlet gaznasynyň bazarlary durnuklaşdyrmak üçin alyş-çalyş gaznalaryny satyn almagyny dowam etdirjekdigini habar berdi.
















