DÜNÝÄ
1 minut okamak
Nigeriýada terrora uly zarba uruldy
Nigeriýaly resmiler terrorçylar tarapyndan ulanylýan logistiki binalaryň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.
Nigeriýada terrora uly zarba uruldy
Nigeriýada terrora uly zarba uruldy / AP

Resmiler Nigeriýanyň harby güýçleriniň ýurduň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Borno welaýatynda geçiren operasiýasynda DEAŞ bilen arabaglanşykly terror guramasy ISWAP-a agza 25 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berdi.

Nigeriýanyň Şanel teleýaýlymynda berlen habara görä, ýekşenbe güni harby güýçler Limankara we Kukawa sebitlerinde ISWAP-a garşy operasiýa geçirdi.

Harby güýçleriň serkerdesi Sani Uba mesele hakynda beren beýannamasynda “Çaknyşykda 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Ýaralanan birnäçe terrorçy bolsa gaçdy” diýdi.

Howa güýçleriniň gaçan terrorçylary yzarlandygyny aýdan Uba “Ýene-de 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Uba operasiýanyň çäginde terrorçylar tarapyndan ulanylýan logistiki merkezleriň hatardan çykarlandygyny belledi.

Terrorçylara degişli 2 ulag bilen birnäçe ýarag we ok-däri ele geçirildi.

Nigeriýa uzak ýyllardan bäri ýaragly toparlar bilen Boko Haram we ISWAP ýaly terror guramalarynyň sebitde guraýan hüjümlerine garşy göreşýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Nigeriýadaky hristianlaryň zuluma sezewar bolýandygyny we terrorçylar tarapyndan guralýan hüjümler sebäpli uly ýitgi çekendigini öňe sürüpdi.

Nigeriýanyň hökümeti we garaşsyz hünärmenler bolsa terrorçylar diňe hristianlary däl eýsem musulmanlary hem nyşana alýandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň harby goşuny 25-nji dekabrda Nigeriýanyň Sokoto sebitinde howa hüjümini gurady.

Nigeriýaly resmiler özleri bilen utgaşykly ýagdaýda geçirlen operasiýda DEAŞ bilen arabaglanşykly terrorçylaryň nyşana alynandygyny habar berdi.

 

Öwren
Ukrainanyň UHU-lar bilen guran hüjümlerinde Moskwadaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda zeper ýetdi
ABŞ, Ýakyn Gündogar üçin howpsuzlyk duýduryşyny çap etdi
ABŞ Ukraina 2,68 milliard dollarlyk harby enjam satar
Kongoda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 577 adama ýetdi
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär
Eýran Keşm adasynda ABŞ-na degişli drony urup düşürendigini habar berdi
Los-Anjelesde bolan dikuçar heläkçiliginde üç adam ýogaldy
Russiýa: "Älem giňişliginde ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak üçin gyssagly anyk ädimler edilmeli"
Ysraýyl ýaralanan lukmançylyk işgärine kömek etmäge gelen palestinaly çagany bombalap öldürdi
Ummanyň golaýynda nyşana alynan nebit tankeriniň 2 ekipažyndan hiç hili habar ýok