Russiýa Moskwada Ukraina degişli üç drony urup düşürendigini habar berdi
Russiýanyň Goranmak ministrligi 3 sagadyň dowamynda ýurduň günortasynda we Krymda 38 dronyň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.
Russiýanyň howa goranyş ulgamlary, şenbe güni Moskwa tarap barýan Ukraina degişli üç drony urup düşürdi.
Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin Telegramdan beren habarnamasynda, urlup düşürlen dronlaryň barlanýandygyny nygtady.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 3 sagadyň dowamynda ýurduň günortasynda we Krymda 38 dronyň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.
Ukraina Pokrowsk şäherine ýörite güýç ornaşdyrdy
Beýleki tarapdan Ukrainaly harby çeşmeleriň berýän habaryna görä, resmi Kiýew hepdäniň başynda güýçli çaknyşyklara sezewar bolan Pokroswk şäherine ýörite güýç ornaşdyrdy.
Russiýa ukraina degişli ýörite güýçleri gabaw astyna alandyklaryny öňe sürýär.
Ýörite güýçleriň Ukrainanyň harby razwetka gullugynyň başlygy Kyryly Budanowyň ýolbaşçylygynda Black Hawk dikuçarlary bilen sebite gelendigi nygtaldy. Rus dronlarynyň hem ýörite güýçleri yzarlaýandygy bellenildi.
Ulag geçelgesi taýdan esasy merkez bolan Pokrowsk şäheri, Russiýanyň Donesk sebitini doly gözegçilik astyna almak isleýändigi sebäpli güýçli çaknyşyklara sahna bolýar.
Çaknyşyklar hakynda maglumat beren Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý “Basyl alyjylary ýok etmäge dowam edýäris” diýdi.