Türkiye Respublikanyň esaslandyrylmagynyň 102 ýyllygyny belläp geçýär
Prezident Erdogan bu güni agzybirlige, jebislige we öňegidişlige çagyrmak bilen gutlap, “Türkiye Asyry” maksatnamasynyň çäginde “güýçli we gülläp ösýän Türkiye” gurmak baradaky tutanýerliligini nygtady.
Türkiye Respublikanyň 102 ýyllygyny joşgunly belläp geçýärkä, Prezident Rejep Taýýip Erdogan agzybirlige, parahatçylyga we öňegidişlige çagyrdy. Erdogan ýurduň "Türkiye Asyry" maksatnamasyna laýyklykda "güýçli we gülläp ösýän Türkiye" gurmak baradaky tutanýerliligini nygtady.
Prezident Erdogan çarşenbe güni çap edilen gutlagynda, ýurduň öz içinde we daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlary, kiprli türkleri we “şatlyklaryny paýlaşýan ähli dostlaryny” gutlady. Prezident Erdogan: “Bu buýsançly günde 86 million raýatymyzyň her birini, kiprli türk halkyny we daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu topragy gany we jany bilen watanymyza öwüren gahrymanlarymyzy hormat bilen hatyralaýaryn” diýip belledi.
Erdogan şeýle hem Respublikanyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürke we Milli azat edijilik söweşine ýolbaşçylyk eden Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň agzalaryna hormat goýdy.
"Güýçli millet, çuňňur däp-dessurlar”
Prezident Türkiyäniň güýçli millet we çuňňur kök uran däp-dessurlary bolan döwletdigini aýtdy we ýurduň öz jebisligini we özygtyýarlylygyny gorap saklamak ugrundaky tutanýerliligini nygtady.
Erdogan “Türkiye asyry” garaýşynyň çäginde goranmak, ykdysadyýet, energiýa we diplomatiýa ýaly ähli ugurlarda öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýtdy we “beýik, güýçli we gülläp ösýän Türkiyäni” gurmaga dowam etjekdiklerini beýan etdi.
Prezident Erdogan şeýle hem hökümetiň 2023-nji ýylyň fewral aýynda bolan ýer titremelerinde zyýan çeken ýerleri dikeltmek üçin ýylyň ahyryna çenli 453000 täze öý gurmagy maksat edinýändigini aýan etdi.
Prezident Türkiyäniň parahatçylyga we durnuklylyga ygrarlydygyny tassyklap, ýurduň terrorsyz Türkiyä tarap ädimme-ädim öňe gidýändigini we Gaza we Palestina ýaly global çaknyşyklarda adalaty we ynsanperwerligi goramagyny dowam etdirýändigini aýtdy.
Prezident Erdogan: “Bilelikde öz sebitinde lider we dünýäde abraýly güýç boljak beýik, güýçli we gülläp ösýän Türkiye gurarys” diýip, Respublikanyň 102 ýyllygyny gutlady.