DÜNÝÄ
2 minut okamak
Putin güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Putin Russiýa gönüden-göni hüjüm edilen halatynda ähli ýaraglaryň ulanylmagynyň göz öňünde tutuljakdygyny aýtdy
Putin güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Putin güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Putin: "Biz 2029-njy ýylda, 2030-njy ýylda ýa-da 2050-nji ýylda hüjüm meýilleşdirmeýäris, ýöne hüjüm bilen ýüzbe-ýüz bolsak, jogap bermäge mejbur galarys” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ýewropa hüjüm etmegi meýilleşdirmeýändigini belläp: "Eger Russiýa Kaliningrad bilen birlikde gönüden hüjüm edilse, ýurdumyzyň eýe bolan ähli ýaraglaryny ulanmak meselesi hökman we dessine gün tertibe geler" diýip nygtady.

Wladimir Putin Moskwada geçirilýän Halkara Waldaý diskussiýa klubunyň ýyllyk duşuşygynda çykyş edip, Russiýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky dartgynlygyň we Ukrainadaky urşuň üstünde durup geçdi.

Putin Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Kaliningrad baradaky beýanatyny we käbir ýurtlara iberen hatlaryndaky sözleri goldaýandygyny aýdyp: “Eger Russiýa, şol sanda Kaliningrada gönüden-göni hüjüm edilse, ýurdumyzyň eýe bolan ähli ýaraglaryny ulanmak meselesi hökman we dessine gün tertibe geler” diýip beýan etdi.

Putin hiç bir ýurda howp salmaýandygyny nygtap: "Biz hiç kimi gorkuzmaýarys. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty we käbir ýurtlara iberen hatlary gorkuzmak üçin däl, bizi gorkuzmaga synanyşyklara jogapdyr" diýdi.

Putin hiç kime hüjüm etmegi meýilleşdirmeýändigini nygtap: "Biz muny 2029, 2030 ýa-da 2050-nji ýyl üçin meýilleşdirmeýäris, ýöne bize hüjüm edilse, jogap bermeli bolarys. Ýewropa ýurtlarynyň raýatlary muny aýdyň düşünip, biziň pozisiýamyz bilen öz ýurtlaryndaky käbir syýasy liderleriň pozisiýasynyň arasyndaky tapawudy anyklamaly" diýdi.

Putin Russiýanyň beýleki tarapynda ilaty Russiýanyňkydan iki esse köp, ykdysady we harby mümkinçilikleri ägirt uly bolan tarap bardygyny we bu howpuň öňünde güýjüniň we serişdeleriniň çäklidigini, şonuň üçin özleriniň artykmaçlyklaryndan peýdalanmaly boljakdyklaryny aýtdy.

Wladimir Putin: "Häzirki wagtda Russiýada başga hiç kimiň elinde bolmadyk ýaraglar bar. Bu biziň artykmaçlygymyz" diýdi.

Öwren
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Eýranyň Prezidenti Pezeşkiýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ukraina: "Russiýa Kiýewde iki çagalar bagyny we iki mekdep binasyny nyşana aldy"
Russiýa Ýewropany aýyplaýar: "Olar Ukraina bilen parahatçylyk gepleşiklerine päsgel berýärler"
Arakçi: Eýran Ormuz bogazy bilen baglanyşykly şertlerden ýüz öwürmez
Dünýäde 117 million adam ýaşaýan ýerini terk etdi
Polşada buthana pyçakly hüjüm guraldy
Ukraina: “Russiýanyň hüjümlerinde 8 adam ýogaldy
Pakistan Owganystandaky 10 ýere howa hüjümlerini amala aşyrandygyny aýan etdi
Zelenskiý: Biz Türkiýäniň üçtaraplaýyn parahatçylyk sammitine ýer eýeçiligini etmäge açyk
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 3 adama ýetdi
Ýaponiýada Dužuan tupany sebäpli ýogalanlaryň sany 9 adama ýetdi
Sudanda altyn bazaryna guralan hüjümde 5 adam ýogaldy
Yragyň Premýer-ministri Zeýdi, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary bilen duşuşdy
Fransiýa Ukrainany howa hüjümlerinden goranmak üçin ulgamlar bilen üpjün eder
Owganystan Pakistanyň howa hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan üç adamyň ölendigini aýtdy
Nigeriýanyň Plato welaýatynda bolan ýaragly hüjümde dokuz adam ýogaldy
Halapdaky harby desgada bolan partlamalarda dört adam ýaralandy
Tramp: “Men tutuş Eýrany partladyp bilerin” diýdi
Eýranyň Ynkylap goragçylary: "MQ-1 kysymly UHU Ormuz bogazynda täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi
Ukrainanyň UHU-lar bilen guran hüjümlerinde Moskwadaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda zeper ýetdi