DÜNÝÄ
1 minut okamak
Alžiriň Prezidenti “Ysraýylyň hüjüm ediji tutumy Palestini ýok edip bilmez” diýdi
Abdulmejid Tebbun, “Alžir basyp alyşlyk astyndaky palestinli doganlaryna goldaw bermäge dowam eder”diýdi.
Alžiriň Prezidenti “Ysraýylyň hüjüm ediji tutumy Palestini ýok edip bilmez” diýdi
Alžiriň Prezidenti “Ysraýylyň hüjüm ediji tutumy Palestini ýok edip bilmez” diýdi / AA

Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun çarşenbe güni beren beýannamasynda, Ysraýylyň hüjüm ediji tutumynyň Palestini ýok edip bilmejekdigini nygtady.

Alžiriň APS habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Alžiriň Mujahitler we şehitler ministri Abdelmalek Tajerift, paýtagt Alžirde her ýylyň 29-njy noýabrynda Palestin halky bilen arkalaşyk güni mynasibetli geçirlýän dabarada Prezident Tebbunyň ýüzlenmesini okady.

Prezident Tebbun ýüzlenmesinde, Ysraýylyň Palestin halkyna garşy guraýan hüjümleriniň halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini açyk-aýdyň basgylaýandygyny görkezýändigine ünsi çekdi.

Tebbun, Ysraýylyň Gazada gündelik durmuşa uly zeper ýetirýändigini, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we İýerusalimde Palestine degişli ýerleri ele geçirendigini aýtdy.

“Ysraýylyň hüjüm ediji tutumlary Palestini ýok edip bilmez” diýen Tebbun, halkara jemgyýetçiligine Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmegi, ynsanperwer kömeginiň sebite ýetirilmegini üpjün etmegi üçin tagalla etmekleri barada çagyryş etdi.

Alžiriň Palestin döwletiniň BMG-na doly agza bolmagy üçin tagalla edýändigini aýdan Tebbun, munyň Palestin halkynyň öz ykbalyny kesgitlemek hukugy taýdan möhümdigini nygtady.

Prezident Tebbun “Alžir basyp alyşlyk astyndaky Palestinli doganlaryna goldaw bermäge, paýtagty Gündogar İýerusalim bolan garaşsyz Palestin döwletinin gurulmagy üçin tagalla etmäge dowam eder” diýdi.

 

 

Öwren
Saud Arabystanyndaky "Şa Fahd" adyndakyt halkara howa menziline guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Eýranyň Ynkylap goragçylary: “Pars aýlagynda nebit daşaýan dört gämi nyşana alyndy” diýdi
Kreml: "Biz noýabr aýynda Russiýa-Ukraina-ABŞ üçtaraplaýyn gepleşiklerini täzeden başlatmaga taýýar"
Sudan bilen Günorta Sudanyň arasyndaky jedelleşikli zolaga guralan hüjümde 153 adam ýogaldy
Gresiýada talyplar kireýleriň ýokarlamagyna we durmuş şertleriniň agyrlaşmagyna garşylyk görkezdi
Fransiýada geçirlen protest ýörişlerinde 2 adam ýogaldy
Ysraýylyň Goranmak ministri: “Liwanyň günortasyndan 200 müň adamy sürgün etdik”
Amerikaly senator Sanders Ysraýyla berilýän harby kömegiň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
“Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürdik”
Ukraina: "Russiýanyň gije guran hüjümlerinde 3 adam ýogaldy we 11 adam ýaralandy"
Ysraýyl basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada palestinalylaryň takmynan 183 gektar ýerini aldy
Ýemeniň goşuny: "1164 operasiýada 558 Husi söweşijisi täsirsiz ýagdaýa getirildi"
Milandan Jidda şäherine uçýan uçar bomba howpy sebäpli Rime gyssagly gondy
Kolumbiýada bikanun altyn käniniň çökmegi netijesinde on dört adam ýogaldy
Sudanda dron bilen awtobus duralgasyna guralan howa hüjüminde 80 adam ýogaldy
Tel-Awiw-Wena saparyny amala aşyrýan uçar bomba habary sebäpli Bolgariýa gondy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rubio Samarkantda özbek kärdeşi Saidow bilen duşuşdy
Kreml Ýewropadaky bidüzgünçiliklere Russiýanyň gatnaşygy baradaky aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainada metro bekedini nyşana aldy
Hindistanda ýük awtoulagy heläkçiligi başdan geçirildi