ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammitine gatnaşmak üçin Ankara geldi.
Prezident Erdogan paýtagt Ankarada Ankara howa menzilinde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy garşy aldy.
Resmi garşylama dabarasy bolsa Prezidentiň Kompleksinde geçirler.
Erdogan bilen Tramp garşylama dabarasyndan soň sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşar we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk eder.
Liderleriň gepleşiklerden soň bilelikde metbugata beýannama bermegine garaşylýar.
ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Den Keýn şu gün ilki Atatürkiň aramgähine baryp gül desselerini goýdy we hormatly dymyşlyk etdi.
NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary Ankarada geçiriljek sammitiň çäginde guramanyň goranyş çykdajylary we Ukraina berilýän harby goldawyň dowam etdirilmegi meselesi hakynda pikir alyşar.




















