Ýewropa Komissiýasy, Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlygyň gaýtadan möwjemegi sebäpli taraplara ylalaşygyň şertlerine laýyklykda hereket etmekleri üçin çagyryş etdi.
Ýewropa Komissiýasynyň metbugat sekretary Anouar Al Anouni, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ylalaşygyň bes edilendigi baradaky beýannamasyna garamazdan taraplara ylalaşyga laýyklykda hereket etmekleri üçin çagyryş etdi.
Anouar Al Anouni, çarşenbe güni Brýusselde metbugata beren beýannamasynda “ähli kynçylyklary çözmegiň ýeke-täk ýoly diplomatiýa” diýdi.
Taraplara ylalaşygyň şertlerine laýyklykda hereket etmekleri üçin çagyryş eden Anouar Al Anouni, “BMG-nyň 2817 belgili kararynyň ýerine ýetirilmegi, dowam edýän diplomatik etaba zeper ýetirip biljek hereketlerden gaça durmaklary diýseň möhüm” diýdi.

















