DÜNÝÄ
1 minut okamak
Nýu-Ýorkuň şäher häkimi Zohran Mamdani ilkinji iş gününde Ysraýyly goldaýan kararlary ýatyrdy
Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Zohran Mamdani ozalky häkimiň kabul eden Ysraýyla goldaw berýän kararlaryny ýatyrdy we görkezilen garşylyklara garamazdan egilşik etmedi.
Nýu-Ýorkuň şäher häkimi Zohran Mamdani ilkinji iş gününde Ysraýyly goldaýan kararlary ýatyrdy
Nýu-Ýorkuň şäher häkimi Zohran Mamdani ilkinji iş gününde Ysraýyly goldaýan kararlary ýatyrdy / AP
3 Ýanwar 2026

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Zohran Mamdani wezipä girişen ilkinji gününde ozalky häkim Erik Adams tarapyndan kabul edilen we Ysraýyla goldaw berýän birnäçe karary bes edýän kararnama gol goýdy.

Mamdaniniň kararnamasy bilen 2024-nji ýylyň 26-njy sentýabryndan soň kabul edilen we 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli öz güýjüni gorap saklan ähli kararlar ýatyryldy.

Zohran Mamdani penşenbe güni häkimlikde geçirlen kasam ediş çäresinden birnäçe sagat soň Ysraýyla goldaw berýän kararlary ýatyrdy.

Mamdani anna güni beren beýannamasynda Adams döwründe kabul edilen kararlary ýatyrandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministrligi sosial media arkaly beren habarnamasynda Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Zohran Mamdanini antisemitizme meçew bermekde günäkärledi.

UŽA Nýu-Ýork federassiýasy ýaly käbir guramalar hem karara berk garşylyk görkezdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Mamdaniniň wezipesine girişen ilkinji gününde Holokosty hatyralamak boýunça halkara ýaranlygyny bes edendigi nygtaldy.