Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2009-njy ýylda oýun merkezini oda bermek bilen 5 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan tussagly asylyp öldürildi.
Kýodo habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, 58 ýaşyndaky Sunao Takami asylyp öldürildi
Adalat ministri Hiroşi Hiraguçi metbugata beren beýannamasynda “Ünslilik bilen geçiren barlaglarymdan soň ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmegi üçin görkezme berdim” diýdi.
Takami 2009-njy ýylyň 5-nji iýulynda oýun merkezini oda beripdi.
Wakada 5 adam ýogalypdy, 10 adam hem ýaralanypdy.
Mesele boýunça gozgalan kazyýet işinde 2026-njy ýylda Takamä ölüm jezasy berlipdi.
Takami Ýaponiýada 2025-nji ýylyň iýun aýyndan bäri asylyp öldürlen ilkinji tussagly boldy.
Takami Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi Sane döwründe asylyp öldürlen ilkinji tussagly hökmünde bellige alyndy.






















