Türkiýe Helsinki Ylalaşygyna gol çekilmeginiň 50 ýyllygyny gutlaýar
Türkiýänin Daşary işler ministrligi giň sebitlerden birinde parahatçylygyň we durnuklylygyň esasy faktory hökmünde ÝHHG-ny ykrar edýändigini hem-de guramanyň netijeliligini we alyp barýan işlerini işjeň goldaýandygyny beýan etdi.
Türkiýe Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) esaslandyryjy resminamasy Helsinki Ylalaşygyna gol çekmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi.
Ministrlik anna güni çap eden beýanatynda; “Sowuk uruş döwründe bloklaryn arasyndaky düşnüşmezlikleriň hem-de dartgynlygyň azaldylmagy maksady bilen başladylan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlygy maslahatynyň çäginde 1975-nji ýylda gol çekilen Helsinli ylalaşygy henizem güýjüni goraýan başlangyç ýörelgeleri bilen Ýewropa-Atlantika we Ýewropa sebitlerini öz içine alýan giň sebitde dialoga hem-de hyzmatdaşlyga esaslanýan howpsuzlyk binagärçiligini esaslandyrdy” diýilýär.
Türkiýäniň Helsinki ylalaşygyna ilkinjileriň hatarynda gol goýanlardan biri hökmünde bu tapgyryň başyndan bäri golda berýändigi nygtaldy.
Beýannamada; “Türkiýe şu nukdaý nazardan diňe bir sebitleýin parahatçylyga we durnuklylyga bolan sarpasyny nygtamak bilen çäklenmän, şol bir wagtda-da halkara hukuk kadalaryna laýyklykda kesgitlenen Ýewopanyň howpsuzlyk binagärçiliginiň emele gelmegine hem işjeň goşant goşdy” diýilýär.
Türkiýäniň 1994-nji ýylda ÝHHG-nyň esaslaryny goýan maslahatdan bäri gurama bile hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigine üns çekilýän beýannamada; “Türkiýhe syýasy-harby, ykdysady-daşky gurşaw we gumanitar ugurlary öz içine alýan giňgerimli howpsuzlyk düşünjesine esaslanýan hem-de giň sebitleýin howpsuzlyk forumy bolup durýan ÝHHG-na işjeň goşant goşmaga dowam edýär” diýilýär.