BMG-nyň Baş sekretary 17 ýyl soň Damaska bardy
SYÝASAT
1 minut okamak
BMG-nyň Baş sekretary 17 ýyl soň Damaska bardyBMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş 3 günlük resmi sapar bilen Siriýa bardy.
BMG-nyň Baş sekretary 17 ýyl soň Damaska bardy

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, halkara jemgyýetçiliginiň Siriýa bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge başlan döwründe şenbe güni Damaska geldi.

BMG-nyň Baş Sekretary Guterreş, Halkara Damask howa menzilinde Siriýanyň Daşary işler ministri Asad aş Şeýbani tarapyndan garşylandy.

Guterreşiň 3 gün dowam etjek saparynyň çäginde Prezident Ahmed al Şara bilen birlikde beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýurtda täze gurlan wagtlaýyn parlamentiň agzalary bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Guterreş, BMG-nyň ozalky Baş sekretary Ban ki Munyň Siriýada içeri urşuň başlamagyndan iki ýyl öň 2009-njy ýylda Damaska guran saparyndan soň, BMG-nyň Baş sekretary hökmünde ilkinji sapary amala aşyrýar.

Ýarym milliondan gowrak adamyň ýogalmagyna, millionlarça adamyň öýüni terk etmegine sebäp bolan çaknyşyklardan soň Siriýanyň lideri Başar Asad 2024-nji ýylyň dekabr aýynda wezipesinden çetleşdirlipdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň saparynyň çäginde Siriýanyň syýasy geçiş etabyna we gaýtadan dikeldiş işlerine goldaw berýändiklerine aýratyn ünsi çekmegine garaşylýar.

Guterreş hökümetiň agzalary bilen birlikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we zenan guramalaryň agzalary bilen duşuşar.

Guterreşiň şeýle hem Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Golan depelerinde iş alyp barýan BMG-nyň parahatçylyk güýjüne hem baryp görmegine garaşylýar.