DÜNÝÄ
2 minut okamak
Yslamabad Hindistanyň hüjümlerine garşylyk görkezdi: Hindistanyň 5 uçary täsirsiz ýagdaýa getirildi
Hindistanyň raketa hüjümleri bilen artan dartgynlykda, Pakistan Hindistana degişli 5 harby uçary ot açyp ýere gaçyrdy. Asuda ilatyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümlerde BMG asudalyga çagyrdy, Tramp bolsa ýagdaýy "utandyryjy" diýip häsiýetlendirdi.
Yslamabad Hindistanyň hüjümlerine garşylyk görkezdi: Hindistanyň 5 uçary täsirsiz ýagdaýa getirildi

Hindistan Pakistana degişli 6 aýry nokada hüjüm gurap, 8 adamyň ýogalmagyna we 35 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Pakistan resmileri Pakistanyň Harby-howa güýçleriniň "gorkak we utandyryjy" hüjüme jogap hökmünde 5 sany hindi harby uçaryny we käbir uçarmansyz howa ulaglaryny ot açyp ýere gaçyrandyklaryny habar berdiler.

Pakistanyň general-leýtenanty Ahmed Şerif Çaudri çarşenbe güni irden Rawalpindi şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda "Hindistanyň goşuny tapawutly ýaraglaryny ulanyp, 6 aýry nokada guran hüjümlerinde 24 aýry nyşana degdi” diýdi. Nyşana alynan ýerleriň arasynda bir metjidiň hem bardygy, hüjümleriň Pakistanda we Pakistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir sebitinde amala aşyrylandygy mälim edildi.

Hindistanyň raketa hüjümlerinden soň Pakistanyň Penjap welaýatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Roketalaryň biri Bahawalpur şäherindäki bir metjide degmegi netijesinde, bir 1 çaga ýogaldy, 1 zenan we 1 erkek ýaralandy.

Pakistanyň goşuny we ýurduň Premýer ministri Şahbaz Şerif Hindistanyň raketaly hüjümlerine jogap hökmünde Yslamabadyň jogap hüjümleriniň dowam edýändigini we Yslamabadyň “Täze Deli tarapyndan mejbur edilen uruş aksiýalaryna” jogap bermek hukugyna eýedigini beýan etdi. Pakistanyň Goranmak ministri raketaly hüjümleriň guralmagyndan birnäçe minut soň, Pakistanyň Harby-howa güýçleriniň Hindistana degişli 5 harby uçary we uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini habar berdi.

Hindistan “Sindoor operasiýasynyň” çäginde Pakistanda we Pakistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir sebitinde 9 aýry nokada garşy operasiýa guralandygyny, emma sebitlerde harby desgalaryň bolmandygyny belläpdi. Täze Deli tarapyndan berlen beýanatda: “Hereketlerimiz ünsli, deňagramly we öjükdiriji däl. Hindistan maksatlary we durmuşa geçiriş usullaryny ulanmakda örän asudalyk görkezdi” diýildi.

Hindistanyň goşuny Pakistanyň Hindistanyň dolanşygy astyndaky Kaşmirde “serhetaşa ot açylmagy” netijesinde asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygyny habar beripdi. Yslamabad bolsa Hindistanyň şol öňe sürmelerine jogap bermedi.

Pakistanyň dolanşygy astyndaky Kaşmiriň Içeri işler ministri Wakar Nur Hindistanyň hüjümlerinde azyndan bir çaganyň ýogalandygyny tassyklady we birnäçe raketanyň iki dürli ýere gaçandygyny we asuda ilaty nyşana alandygyny aýtdy. Şeýle hem sebitdäki hassahanalarda adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigi mälim edildi.

Öwren
Yrakdan guralan hüjümde Gündogar-Günbatar turba geçirijisi nyşana alyndy
Modiden Putine ýüzlenme: “Çaknyşyklar diňe diplomatiýa arkaly bes ediler”
Putin Hindistanda geçiriljek BRICS-iň liderler sammitine gatnaşar
Polşanyň Premýer-ministri Tusk: Ukraina-Polşa gümrük geçelgesine abanýan howp ortadan aýryldy
Alžir Birleşen Arap Emirlikleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi
Ukraina Russiýa garşy söweşiň iň uzak aralykly hüjümini gurady
Eýranyň Iordaniýa guran hüjüminde ABŞ-na degişli birnäçe uçara zeper ýetirildi
Kreml ABŞ-nyň araçylyk etmeginde Ukraina bilen gepleşikleriniň gaýtadan başlanmagyna umyt baglaýar
Nepal-Hytaý serhet zolagynda sil apatynda ýogalanlaryň sany 1410 adama ýetdi
Tramp-Putin söhbetdeşliginden soň Russiýa bilen Ukraina hüjümlerini dowam etdirdi
"Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Britaniýanyň konsullygyny 30 günüň dowamynda ýapmagy buýurdy"
Eýran ABŞ-nyň Iordaniýadaky harby bazasyna hüjüm gurady
Malaýziýada bolan dikuçar heläkçiliginde 5 adam ýogaldy
Zelenskiý Russiýanyň Ukrainadaky telewideniýe binasyna UHU bilen hüjüm gurandygyny aýan etdi
Smotriç we Ben-Gwir Britaniýa garşy sanksiýa girizilmegini we ilçiniň çykarylmagyny talap edýärler
Russiýanyň Kiýewe raketalar we UHU bilen guran hüjümlerinde iki adam öldi, on adam ýaralandy
Russiýa Ukraina we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýtdy
Russiýa: Germaniýa Bonndaky konsullygymyzy esassyz bahana bilen ýapdy
Ýewreý zenan basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimdäki ermeni buthanasynyň öňüne tüýkürdi
Kreml: "Putin Ukrainadaky uruş barada ABŞ-nyň wekilleri bilen 'örän açyk' gepleşikler geçirdi”