Ýolbaşçylar Hindistanyň iň uly sebitlerinden biri bolan Uttar Pradeşde güýçli ýel we aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli 89 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän bu sebitde mart we iýun aýlaryny öz içine alýan muson ýagyşlarynyň öňüsyrasynda şuňa meňzeş apatlar başdan geçirilýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýannama beren hindistanly resmiler ýel we ýagyş ýaly amatsyz howa şertleri sebäpli 89 adamyň ýogalandygyny aýan etdi.
Roýter habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ýogalanlaryň esasy böleginiň ýykylan agaçlaryň aşagynda galandygy nygtaldy.
Habarda dowam edýän gözleg we halas ediş işleri hakynda hiç hili maglumat berilmedi.
Beýleki tarapdan howa şertleri sebäpli paýtagt Täze Delide uçar saparlarynyň yza süýşürlendigi habar berildi.












