Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýurdunda birnäçe hepdeden bäri dowam edýän ýangynlary söndürmek üçin ýangyn söndüriji uçarlary iberen Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.
Makron sosial media arkaly beren habarnamasynda Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministri Ibrahim Ýumaklynyň Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryň iberilmegi baradaky habarnamasyny sitirledi.
Makron türkçe beren al baýdakly habarnamasynda “Teşekkürler Türkiye” diýip ýazdy.
Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministri Ýumakly öz habarnamasynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň görkezmesi bilen Ispaniýadan soň Fransiýa hem goldaw talaby mynasybetli iki ýangyn söndüriji uçar iberendigini aýtdy.
Fransiýa taryhynda iň uly ýangyn betbagtçylyklarynyň birini başdan geçirýär: ýangyn sebäpli ýylyň başyndan bäri 116,000 gektar ýer kül boldy.
Ýurduň günortasyndaky Jironde welaýatynda bir hepde töweregi dowam edýän ýangyn 42 müň gektardan gowrak ýer ýok bolan bolsa, Jironde, War, Landes we Ote-Korse welaýatlaryndaky ýangynlar henizem öçürilip bilinmedi.























