Russiýanyň Ukraina garşy gije guran hüjümlerinde jemi 4 adam ýogaldy: Kriwoý-Rog şäherindäki polat zawodynda 2 adam we Zaporožýe şäheriniň günortasynda hem 2 adam bolmak bilen jemi 4 adam ýogaldy.
“ArcelorMittal Krywyý Rog” kärhanasy öz desgalarynyň birine rus raketasy tarapyndan hüjüm guralandygyny we iki adamyň ölendigini we önümçilik desgalaryna zeper ýetendigini aýan etdi.
Kärhana Telegramdan beren beýanatynda: “Biz desgamyzyň dag-magdan we metallurgiýa pudagynda işleýän raýat kärhanasydygyny nygtaýarys we duşmanyň bu mekir hüjümlerini berk ýazgarýarys” diýdi.
Bu hüjüm Russiýanyň Ukraina boýunça giň gerimli raketa we uçarmansyz howa ulagy hüjümleriniň bir bölegi boldy. Nyşanalaryň arasynda raýat infrastrukturalarynyň hem bardygy habar berildi.
Odessa we Zaporožýe şäherlerinde ýaşaýyş jaýlaryna hüjümler guraldy
Ýerli resmileriň maglumatlaryna görä, Zaporožýede gije guralan hüjümlerde bir jaýyň weýran bolmagy netijesinde ýene-de iki adam öldi.
Ýurduň günortasyndaky port şäheri bolan Odessada rus raketa we uçarmansyz howa ulaglarynyň hüjümlernde hem ilatly ýerler nyşana alyndy. Odessanyň welaýat häkimi Oleg Kiper käbir binalaryň dolulygyna ýumrulandygyny we 35 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan Ukraina urşunda täze bir döwre girmek bilen birlikde, uzak aralyga raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen guraýan hüjümlerini artdyrdy.
Ukraina bu hüjümlere jogap hökmünde Russiýanyň uzak sebitlerindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny we logistika desgalaryny nyşana aldy.
















