Günorta Koreýa we ABŞ mina goranyşyny güýçlendirmek üçin bilelikdäki deňiz türgenleşigini tamamlady

Pohangyň golaýynda 9 gün dowam eden mina söweş türgenleşiginde Günorta Koreýa we ABŞ umumy deňiz goranyş taktikalaryny ösdürdiler.

Günorta Koreýa we ABŞ

Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň harby güýçleri bilelikdäki mina söweş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy maksady bilen, ýurduň günorta-gündogar kenaryndaky Pohang şäheriniň golaýyndaky suw giňişliginde bilelikdäki deňiz türgenleşigini geçirdiler.

Ýonhap habarlar agentliginiň çarşenbe güni Günorta Koreýanyň harby-deňiz güýçleri tarapyndan berilen maglumata esaslanyp beren habaryna görä, sişenbe güni tamamlanan 9 günlik türgenleşikde Günorta Koreýanyň Nampo MLS-II mina gämisi we ABŞ-nyň USS Warrior (MCM-10) mina gämisi bilen birlikde taraplaryň ikisinden jemi 10 harby gämi we 3 dikuçar gatnaşdy.

Günorta Koreýanyň harby-deňiz güýçleriniň 52-nji Mina flotunyň serkerdesi kapitan Lee Taeg-Seon: “Mina söweşleri boýunça amaly okuwlary dowam etdirmek bilen, mümkin bolan ýagdaýynda esasy portlarymyzy we deňiz transport ýollarymyzy goramak ukybymyzy güýçlendireris” diýip belledi.

Bu türgenleşik, 2014-nji ýylda ilkinjisi başladylanyndan bäri iki ýurt tarapyndan geçirilen 10-njy deňiz mina söweş türgenleşigi boldy.

Günorta Koreýa we ABŞ güýçleri sişenbe güni Koreýa ýarym adasynda azyndan bir B-1B bombalaýjy harby uçarynyň gatnaşmagynda bilelikde howa türgenleşikleri geçirip bu fewral aýyndan bäri geçirlen 2-nji harby türgenleşik boldy.

Geçen hepde ABŞ we Günorta Koreýa hem uruş döwründe we parahatçylyk döwründe deňizde bilelikde gözleg we halas ediş mümkinçiliklerini gowulandyrmak üçin Çangwonyň ​​suw giňişliginde deňiz türgenleşigini geçirdiler.