DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ukraina ABŞ-nyň howpsuzlyk kepillikleri üçin Trampa 100 milliard dollarlyk şertnama teklip etdi
"Finansal Taýms" gazetiniň habaryna görä Kiýew uruşdan soňky parahatçylyk çarçuwasyny üpjün etmek üçin ABŞ-dan ýarag we ucarmansyz howa ulagyny satyn almak barada şertnama teklip edipdir.
Ukraina ABŞ-nyň howpsuzlyk kepillikleri üçin Trampa 100 milliard dollarlyk şertnama teklip etdi

Finansal Taýms" gazetiniň habaryna görä, Ukrainanyň Russiýa bilen baglaşylmagy ähtimal parahatçylyk ylalaşygyndan soň ABŞ-nyň howpsuzlyk kepilliklerini üpjün etmek maksady bilen we Ýewropadaky ýaranlar tarapyndan maliýeleşdiriljek, 100 milliard dollarlyk Amerikan önümi ýarag satyn almagy teklip edendigini habar berdi.

Gazetiň bellän we ýaranlar bilen paýlaşylan resminama laýyklykda ABŞ-nyň hyzmatdaşlary bilen 50 milliard dollarlyk uçarmansyz howa ulagy önümçiligi şertnamasyny hem öz içine alýar. Şol bukja bilen bagly maglumatlar Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiýniň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Ak tamda duşuşygynyň öňüsyrasynda yglan edildi.

Kiýewiň bu teklibi, Trampyň Amerikan senagatyna getirjek ykdysady peýdalara ygrarlydygyny görkezýär. Geljekde Ukraina beriljek kömek bilen bagly soraga Tramp” "Biz hiç zat bermeýäris, ýarag satýarys" diýip jogap berdi.

Resminamada "Uzak parahatçylyk, we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine eglişik etmek we erkinlik bermek bilen däl-de, eýsem geljekdäki agressiýanyň öňüni almak üçin berk howpsuzlyk çarçuwasy arkaly gazanylmaly" diýilýär.

Ukraina, Donetskiň we Luganskyň käbir ýerlerinden goşunlaryny çykarmagyndan soň Russiýanyň öň hatarlaryny doňdurjakdygy baradaky teklibini ret etdi we şeýle ýeňillikleriň Moskwanyň ýurda has çuňňur aralaşmagyna ýol açjakdygyny duýdurdy.

Germaniýanyň federal Kansleri Fridrih Mers Waşingtonda Zelenskiý we Tramp bilen bilelikde beren beýanatynda, ýaraşygyň ileri tutulýan ugur bolmalydygyny aýtdy. Mers: "Indiki duşuşygyň atyşyksyz geçiriljekdigini göz öňüne getirip bilemok" diýip, Moskwa has köp basyş etmäge çagyrdy.

Ukraina tarapyndan hödürlenen resminamada şeýle hem Russiýanyň Kiýewiň uruş döwründe ýetiren zyýany üçin öwezini dolmalydygy aýdylýar. Bu öwezini dolmagyň Günbatar ýurtlarynda doňdurylan rus emläkleriniň 300 milliard dollary bilen öwezini dolup biljekdigi aýdylýar.

Resminamada Russiýa garşy islendik sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň Moskwanyň parahatçylyk şertnamasyny ýerine ýetirmegine bagly bolmalydygy nygtalýar.

Russiýanyň metbugatynda Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümeti masgaralaýan suratlar hem Kremliň parahatçylyk tagallalaryna çynlakaý garamaýandygyny görkezýän subutnama hökmünde aýdyldy.

Öwren
Yrakdan guralan hüjümde Gündogar-Günbatar turba geçirijisi nyşana alyndy
Modiden Putine ýüzlenme: “Çaknyşyklar diňe diplomatiýa arkaly bes ediler”
Putin Hindistanda geçiriljek BRICS-iň liderler sammitine gatnaşar
Polşanyň Premýer-ministri Tusk: Ukraina-Polşa gümrük geçelgesine abanýan howp ortadan aýryldy
Alžir Birleşen Arap Emirlikleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi
Ukraina Russiýa garşy söweşiň iň uzak aralykly hüjümini gurady
Eýranyň Iordaniýa guran hüjüminde ABŞ-na degişli birnäçe uçara zeper ýetirildi
Kreml ABŞ-nyň araçylyk etmeginde Ukraina bilen gepleşikleriniň gaýtadan başlanmagyna umyt baglaýar
Nepal-Hytaý serhet zolagynda sil apatynda ýogalanlaryň sany 1410 adama ýetdi
Tramp-Putin söhbetdeşliginden soň Russiýa bilen Ukraina hüjümlerini dowam etdirdi
"Ysraýyl Gündogar Iýerusalimdäki Britaniýanyň konsullygyny 30 günüň dowamynda ýapmagy buýurdy"
Eýran ABŞ-nyň Iordaniýadaky harby bazasyna hüjüm gurady
Malaýziýada bolan dikuçar heläkçiliginde 5 adam ýogaldy
Zelenskiý Russiýanyň Ukrainadaky telewideniýe binasyna UHU bilen hüjüm gurandygyny aýan etdi
Smotriç we Ben-Gwir Britaniýa garşy sanksiýa girizilmegini we ilçiniň çykarylmagyny talap edýärler
Russiýanyň Kiýewe raketalar we UHU bilen guran hüjümlerinde iki adam öldi, on adam ýaralandy
Russiýa Ukraina we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýtdy
Russiýa: Germaniýa Bonndaky konsullygymyzy esassyz bahana bilen ýapdy
Ýewreý zenan basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimdäki ermeni buthanasynyň öňüne tüýkürdi
Kreml: "Putin Ukrainadaky uruş barada ABŞ-nyň wekilleri bilen 'örän açyk' gepleşikler geçirdi”