Türkiýäniň Milli Senasy 105 ýaşynda
Mehmet Akif Ersoý tarapyndan gahryman goşunymyza bagyşlanyp we türk halkynyň garaşsyzlygynyň nyşany hökmünde ýazylan Türkiýäniň Milli Senasy 105 ýyl mundan ozal kabul edildi.
Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisi döredileninden bir ýyl soň "Milli Sena" ýazmak üçin 500 lira baýrakly bäsleşik guraýar.
Bu baýragyň möçberini kesgitlän we bäsleşigi guran şol wagtky Milli Bilim ministri Ryza Nur, sözlerden başga-da, kompozisiýa üçin 500 lira baýrak belleýär. Mümkin boldugyça köp adamyň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin Mejlis gazetlere we ýurduň elýeterli bolan ähli ýerlerine işjeň maglumat iberýär we 6 aýyň dowamynda 724 goşgy hödürlenýär.
Bu 724 goşgyny seljermek üçin Mejlisde işleýän hökümetiň Milli Bilim ministrligi komissiýa döredýär. Topara bellenen bilermenler 724 goşgynyň her birini aýratynlykda okap, baha berdiler we olaryň 6-syny saýladylar. Başda pul baýragy sebäpli bäsleşige gatnaşmak islemedik Burdur welayatynyň halk deputaty Mehmet Akif Ersoý soňra Hamdullah Suphiniň islegine bilen bäsleşige gatnaşýar we Taceddin Derwişhanasynda ýazan we türk goşunyna ýüzlenen goşgusyny hödürleýär. Saýlama tapgyryndan soň, Mehmet Akifiň goşgusy 1921-nji ýylyň 12-nji martynda Beýik Millet Mejlisiniň mejlisinde gyzgyn el çarpyşmalar bilen kabul edilýär. Hamdullah Suphi Tanryöwer Mejlisde Milli Senany ilkinji bolup ýerine ýetiren adam bolýar. Senanyň kabul edilmeginden soň Mehmet Akif Ersoý býujetden bölünip berlen 500 lirany aýallara we çagalara hünär bilimini berýän Darul Mesai gaznasyna geçirýär.Türkiýäniň Milli Senasy 105 ýaşynda
Mehmet Akif Ersoý tarapyndan gahryman goşunymyza bagyşlanyp we türk halkynyň garaşsyzlygynyň nyşany hökmünde ýazylan Türkiýäniň Milli Senasy 105 ýyl mundan ozal kabul edildi.