Türkiyede DAIŞ terrorçylygynda şübhelenilýän 350-den gowrak adam göz tussaglygyna alyndy
Resmileriň maglumatlaryna görä, duşenbe güni Ýalowa welaýatynda bolan terrorçylykly hüjüme gatnaşygy bolan şübhelileriň takmynan 41-si Täze ýyl dabaralary mahalynda Stambulda şuňa meňzeş hüjümleri meýilleşdirýärdiler.
Türkiyäniň içeri işler ministri Ali Ýerlikaya sişenbe güni terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýalaryň çäginde Türkiyede jemi 357 şübheliniň tussag edilendigini aýan etdi.
Ali Ýerlikaya Türkiyäniň NSosyal sosial media platformasyndan beren beýanatynda, şübhelileriň 21 welaýatda bir wagtyň özünde geçirilen terrorçylyga garşy operasiýalaryň netijesinde tussag edilendigini aýtdy.
Ali Ýerlikaya operasiýalaryň welaýat içeri işler müdürlikleri, baş prokuratura, polisiýanyň terrorçylyga garşy göreş we aňtaw bölümleri bilen utgaşdyrylyp geçirilendigini aýtdy we Türkiyäniň terrorçylyga garşy hiç hili egilşik etmejekdigini nygtady.
Stambulyň Baş prokuraturasy sişenbe güni şäher boýunça şübhe astyndaky 110 adamyň tussag edilendigini habar beripdi.
Beýanatda tussag edilenleriň 41-siniň duşenbe güni Türkiyäniň howpsuzlyk güýçleriniň terrorçylyga garşy operasiýasynda alty sany DAIŞ terrorçysynyň öldürlen Ýalowa welaýatynda bolan waka bilen baglanyşyklydygy mälim edildi. Stambulda tussag edilen şübhelileriň Täze ýyl dabaralary mahalynda şäherde şuňa meňzeş hüjümleri meýilleşdirendikleri habar berildi.
Ankaranyň Baş Prokuraturasy tarapyndan berlen beýanatda, şeýle hem 11-i daşary ýurt raýaty bolan DAIŞ terrorçylygynda şübhelenilýän 17 adamy tussag etmek üçin kararlaryň çykarylandygyny yglan etdi.
Beýanatda şübhelileriň terrorçylyk guramasynyň agzasy bolmakda we çaknyşyk zolaklary bilen aragatnaşyk saklamakda aýyplanýandygy we Terrorçylyga garşy göreş býurosynyň şübhe astyndakylary DAIŞ bilen baglanyşykly derňewlerde ele salnan sanly materiallary seljermek arkaly anyklandygy aýdylýar.