Polşa rus konsullugyny ýapýar
Polşanyň Daşary işler ministri Radek Sikorski, rus razwetka gullugynyň adyndan hereket edýändikleri öňe sürlen Ukrainanyň iki raýatynyň Polşadaky demir ýol liniýasyny partladandyklaryny mälim etdi.
Polşa, Moskwanyň adyndan içalylyk edýändigi öň sürlen adamlar adamlaryň demir ýoly partladandyklaryny habar berdi
Polşanyň Daşary işler ministri Radek Sikorski, çarşenbe güni beren beýannamasynda, rus razwetka gullugynyň adyndan hereket edýändigi öňe sürlen Ukrainanyň iki raýatynyň Polşadaky demir ýoly partladandyklaryny mälim etdi. Waka sebäpli rus konsullygynyň ýapylmagy barada kararyň kabul edilendigini belledi.
Partlama iki ýurduň arasynda onsuz hem dartgynly bolan gatnaşyklary has-da dartgynlaşdyrdy.
PAP habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Sikorski birnäçe gezek duşmançylykly hereketleri sebäpli Moskwa duýduryş berendiklerine ünsi çekdi.
Daşary işler ministri Sikorski metbugata beren beýannamasynda “Moskwa birnäçe gezek duşmançylykly hereketlerini dowam etdiren halatynda diplomatlaryň sanynyň azaldyljakdygy barada duýduryş berdik” diýdi.
Sikorski “Şol çäkde Gdanskdaky rus konsullugynyň ýapylmagy boýunça karar kabul edildi we Russiýa birnäçe sagadyň dowamynda resmi taýdan maglumat berler” diýip belledi.
Konsullugyň ýapylmagyndan soň Russiýanyň Polşada diňe Warşawadaky ilçihanasy galar.
Kreml konsullugyň ýapylmagy baradaky karary ýazgardy we kararyň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň dolulygyna çökendigini görkezýändigine ünsi çekdi.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Moskwanyň karara uly gynanç bildirýändigini nygtady.
Peskow “Polşa bilen edýän gatnaşyklarymyz dolulygyna bozuldy”diýip belledi.
Polşa bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar Ukraina söweşiniň başlamagyndan soň dartgynlaşmaga başlady.
Polşa Ýewropada Ukraina güýçli goldaw berýän ýurtlardan biri we Moskwany Polşanyň howpsuzlygyny durnuksyzlaşdyrmaga synanşmakda günäkärleýär.