SYÝASAT
1 minut okamak
Sowet döwrüne degişli kosmos gämisi 53 ýyl orbitada galandan soň ýere gaçdy
1972-nji ýylda uçurlan Sowet döwrüne degişli kosmos gämisi şenbe güni ýere gaçdy. Bu waka Wenera iberilmek üçin uçurlan emma üstünlik gazanylyp bilinmedik uçuşdan ýarym asyr soň başdan geçirildi.
Sowet döwrüne degişli kosmos gämisi 53 ýyl orbitada galandan soň ýere gaçdy

ÝB-niň Kosmos gözegçilik we yzarlaýyş gullugy, geçiren barlaglarynda kosmos gämisiniň soňky orbitasynda görünmeýändigini we garaşylmadyk ýagdaýda atmosfera girendigini anyklady.

Ýewropa Kosmos aganetliginiň kosmos galyndylary boýunça edarasy, kosmos gämisiniň Germaniýanyň radar bekedinde görünmeýändigini we onuň atmosfera girendigini habar berdi.

Kosmos gämisiniň ýerýüzünde doly nirä gaçandygy, ýarym tonnalyk gäminiň atmosferadan geçýärkä näçe göteriminiň ýanandygy doly anyklanyp bilinmedi.

Hünärmenler kosmos gämisi taýarlanýarka, Wenera ýaly güneş ulgamynyň iň yssy planetasyna gonmagynyň göz öňünde tutulandygyny, onuň käbir bölekleriniň hatda dolulygyna ýere düşüp biljekdigini mälim edipdi.

Alymlar, kosmos gämisiniň galyndylarynyň kimdir birine zeper ýetirme ähtimallygynyň örän pesdigini nygtapdy.

Kosmos gämisi ýer orbitasynda galdy

1972-nji ýylda Sowet soýuzy tarapyndan uçurlan we Kosmos 482 ady bilen talýan kosmos gämisiniň Wenera planetasyna uçurulmagy meýilleşdirilýärdi. Emma raketanyň näsazlygy sebäpli ol Ýeriň orbitasyny terk edip bilmedi we ol ýerde galdy.

Kosmos gämisiniň esasy bölegi şowsuz uçuşdan soň 10 ýylyň dowamynda ýere düşdi.

Orbitasy kem-kemden kiçelip, agyrlyk güýjüne garşy çydap bilmedik kosmos gämisiniň 1 metr giňlikdäki sferik görnüşli gonuş enjamy ýere düşdi.

Hünärmenler, gonuş enjamynyň titanium bilen gurşalandygyny we onuň agyrlygynyň 495 kilogramdan geçýändigini nygtaýar.

ABŞ-nyň Kosmos serkerdeligi kosmos gämisiniň şenbe güni ir ertir ýok bolmandygyny tassyklamak üçin orbitadan gelen maglumatlary analiz edýär.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Ministr Fidan Saud Arabystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýran: “Netanýahu tussaghana girmezlik üçin ABŞ-ny täze urşa tarap çekýär”
Tramp Ukrainanyň Russiýada ýangyç zawodlaryny nyşana almagyny tankyt etdi
Hakan Fidan YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Bagdatda geçiriljek maslahatyna gatnaşar
Türkiýe bilen birlikde 19 ýurt Kolumbiýanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ierusalime göçürmegini ýazgardy
Ukraina: "Zelenskiý Putin bilen prezident Erdoganyň töwellaçylyk etmegınde  duşuşyp biler"
HOK  Olimpiýa oýunlarynyň  2036-njy ýylda  ýerini saýlamak boýunça meýilnamasyny yglan etdi
Prezident Erdogan Stambulyň azat edilmeginiň 103 ýyllygyny gutlady
Ukraina 650 dron bilen Moskwa hüjüm gurady
Eýran: “ABŞ bilen gepleşik geçirmegiň manysy ýok”
Prezident Erdogan Türki döwletleriniň hyzmatdaşlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Eýran: Rutte, Ýewropanyň Eýran söweşindäki rolyny boýun aldy
“Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar”
Netanýahunyň BMG-däki çykyşy başlan badyna 70 ýurduň wekili zaly terk etdi
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Hytaýly kärdeşini howa menzilinde garşylady
Türkiýe, Siriýa we Saud Arabystany duşuşygy Nýu-Ýorkda geçirildi
Makron: “Gazadaky ýagdaý biziň üçin utandyryjy”
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda özara duşuşyklar geçirdi
Tramp:Gaza milliardlarça dollarlyk kömek berler
Prezident Erdoganyň BMG-däki çykyşy sanly platformalaryň gün tertibine öwrüldi