Azerbaýjanyň diňmeýän gam-gussasy: Hojaly Gyrgynçylygy
SYÝASAT
3 minut okamak
Azerbaýjanyň diňmeýän gam-gussasy: Hojaly Gyrgynçylygy34 ýyl ozal başdan geçirlen Hojaly gyrgynçylygynyň gam-gussasy şu günki günde hem dowam edýär.
Azerbaýjanyň diňmeýän gam-gussasy: Hojaly Gyrgynçylygy / AA
Duş 11 Ýek

Azerbaýjan garaşsyzlygyna tarap barýan ýolda uly ýitgi çekdi. Ermeni güýçleri 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Hojalyda zenan, çaga, ýaşuly-ýaşkiçi diýmezden ýüzlerçe azerbaýjanlygyny gyrgyna berdi. Hojaly gyrgynçylygynyň diňmeýän gam-gussasy 34 ýyldan bäri dowam edýär.

Azerbaýjan garaşsyzlygyna tarap barýan ýolda uly ýitgi çekdi.

34 ýyl ozal başdan geçirlen Hojaly gyrgynçylygynyň gam-gussasy şu günki günde hem dowam edýär.

Ermeniler 1991-nji ýylda territorial talaplar bilen hüjüm etdi

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň ermeniler territorial talaplar bilen Azerbaýjana garşy hüjüm etdi. 1991-nji ýylyň ahyrynda gabaw astyna alynan sebitiň ýeke-täk howa menziline eýe bolan we strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän Hojalyny basyp almak üçin herekete geçdi.

2 müň 605 hojalygy bolan Hojalyda 11 müň 365 adam ýaşaýardy. Çaknyşyklardan soň şol san 3 müňe çenli aşaklady. Sebitdäki ýeke-täk howa menzili Hojalyda ýerleşýärdi, şol sebäpli hem Hojaly strategiýa taýdan uly ähmiýete eýedi.

Ermeni güýçleri 1991-nji ýylyň ahyrynda herekete geçdi. Hojala tarap barýan ýollary we daş-töweregindäki obalary ele geçirdiler. Şähere azyk howadan dikuçarlar bilen berilýärdi.

1992-nji ýylyň 25-nji fewralynda birnäçe aýdan bäri dowam etdirýän hüjümlerini artdyran ermeniler, ýary gije sowet rus goşunynyň şol döwürde Hankendide ýerleşýän 366-njy harby toparynyň goldaw bermeginde gyrgynçylyk etdi.

Ýüzlerçe azerbaýjanly öldürildi

Diňe basyp alyşlyk bilen çäklenmedik ermeniler, asuda ilaty köpçülikleýin gyrgyna berdi, ýesirleri gynady we 20-njy asyryň iň uly gyrgynçylyklaryndan birini amala aşyrdy.

Hojalyda 106-sy zenan, 70-i ýaşuly, 63-i çaga bolmak bilen 613 azerbaýjanly öldürildi. 487 adam agyr ýaralandy. Ermeni güýçleri 1275 adamy ýesir aldy, şolaryň 150-den henizem hiç hili habar ýok.

Gyrgynçylykda 8 maşgala dolulygyna ýok edildi, 25 çaga ene-atasyny, 130 çaga bolsa ene-atasyndan birini ýitirdi.

Zenanlara, çagalara, bäbeklere we göwreli aýallara rehim etmediler…

Gyrgynçylykda öldürlenleriň kazyýet seljermeleri we şaýatlaryň görkezmeleri, Hojalynyň ýaşaýjylarynyň aýal-erkek, ýaşuly-ýaşkiçi diýmezden kellesiniň, gulaklarynyň, burgunlarynyň we jynsy organlarynyň kesilendigini, uly gynamalara sezewar edilendigini subut edýär.

Şol gije gyrgyna berlenleriň arasynda boýnundan atylan, diri ýakylan we garny naýza bilen deşilen göwreli aýallar hem bar. Şol gije düşürlen suratlar gyrgynçylygyň gerimini görkezýär.

Genosid hökmünde ykrar etdi

Azerbaýjana görä, Hojalyda başdan geçirlenler 1949-njy ýyldaky Ženewa konwensiýasynyň, BMG-nyň Genosid jenaýatynyň öňüniň alynmagy we jezalandyrylmagy konwensiýasynyň, Gynamalara we beýleki rehimsiz we kemsidiji çemeleşmä ýada jeza garşy konwensiýanyň, Çaga hukuklary konwensiýasy ýaly köp sanly konwensiýanyň çynlakaý bozulandygyny açyk aýdyň görkezýär.

Azerbaýjanyň parlamenti Hojalyda başdan geçirlenleri “genosid” hökmünde yglan etdi.

Ýewropa Adam hukuklary kazyýetiniň 2010-njy ýylyň 22-nji fewralynda kabul eden kararynda Hojalyda başdan geçirlenler, harby jenaýat we adamzada garşy edilen jenaýatlar bilen deň derejeli hökmünde görüldi. Şu günki güne çenli 18 ýurduň parlamenti we ABŞ-nyň 24 ştatynyň mejlisi Hojalyda başdan geçirlenleri ýazgarýan we genosid hökmünde görýän karar kabul etdi.

Hojalyda başdan geçirlen wakalary dünýäniň halk köpçüligine ýetirmäge dowam edýän Azerbaýjan, halkara jemgyýetçiliginden jenatçylaryň jezalandyrylmagyny isleýär.

“Garabag Azerbaýjandyr”

Ermenileriň 1988-nji ýyldan bäri dowam etdirýän 32 ýyllyk basyp alyşygy Azerbaýjanyň harby goşunynyň üstünlikli operasiýasy netijesinde ortadan aýryldy.

Garabag 2020-njy ýylda erkinligine eýe boldy. Aradan 32 ýyl geçsede Azerbaýjan asla ýüz öwürmedi we topraklaryny yzyna alyp “Garabag Azerbaýjandyr” şygaryny bütin dünýä kabul etdirdi.

Ermeni güýçleri 1992-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap Garabaga garşy uly hüjümler gurady. Fewral aýynda Hojalyda asyryň iň uly gyrgynçylyklaryndan birini amala aşyran ermeni esgerleri, maý aýynda Garabagyň strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän Şuşa şäheri bilen Ermenistan serhedindäki Laçyn şäherlerini basyp aldy.

1993-nji ýylda Kelbejeri ele geçirdi. Agdam, Füzuli, Gubadly, Zengilan we Jebraýyl welaýatlary basylyp alyndy, ýüz müňlerçe adam ýurdundan göçmäge mejbur boldy, müňlerçe adam bolsa ýogaldy.

 

 

 

Öwren
Prezident Erdogan Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi we howpsuzlygyň ýola goýulmagy meselesinde ygrarly
“Hiçbir ýurt Eýrany urany kämilleşdirmek hukugyndan mahrum edip bilmez”
Witkoff: "Ukrainadaky uruş bilen baglanyşykly gepleşiklerde uly öňegidişlikler gazanyldy" diýdi
Prezident R. T. Erdogan 10 ýyl soň Efiopiýa sapar gurar
Tramp Eýran gepleşiklerine aýlawly ýollardan gatnaşjakdygyny aýtdy
Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Erdogan Yragyň Premýer-ministri Sudani bilen söwda we terrora garşy göreş hakynda pikir alyşdy
BMG ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosyna alada bildirýär
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar
Gresiýanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
ABŞ Gaza parahatçylyk sammitini geçirer
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy
6-njy fewralda başdan geçirlen ýer titremesinden soň gaýtadan dikeldiş işleri dowam edýär
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar
Türkiýe bilen Saud Arabystany KAAN harby uçarlaryna birlikde maýa goýar
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar