DÜNÝÄ
1 minut okamak
Rus hüjümleri Ukrainanyň iki sebitiniň elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp boldy
Uly göwrümli rus uçarmansyz howa enjamlary bilen guralan (dron) hüjüm, Ukrainanyň gündogar sebitlerinde aşa sowuk howa şertlerinde elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy.
Rus hüjümleri Ukrainanyň iki sebitiniň elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp boldy
Rus hüjümleri Ukrainanyň iki sebitiniň elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp boldy / Reuters
8 Ýanwar 2026

Russiýanyň amala aşyran howa hüjümleri Gündogar Ukrainanyň käbir sebitlerinde elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine, müňlerçe adamy elektriksiz we ýyladyş mümkinçiliginden mahrum bolmagyna sebäp boldy. Ukrainanyň resmileri, howanyň aşa sowuk bolmagynyň ýagdaýyň halk üçin has-da uly kynçylyklary ýüze çykarýandygyny habar berdiler.

Ukrainanyň döwlet energetika gullugy “Ukrenergo” uly göwrümli dron hüjüminiň birnäçe sebitdäki energetika infrastrukturasyny nyşana alandygyny mälim etdi.

Edara ýary gije beren beýanatynda:
“Duşman birnäçe sebitdäki energetika infrastrukturasyna garşy uly uçarmansyz howa enjamy bilen hüjüm gurady” diýip, mälim etdi.

“Netijede, Dnepropetrowsk we Zaporožýe sebitlerinde, şäher merkezleri bilen bilelikde sarp edijileriň esasy bölegi toksuz galdy.”

Sebitiň harby dolanşygynyň ýolbaşçysy Wladyslaw Gaýiwanenko hüjümleriň Dnepropetrowsk sebitindäki esasy infrastruktura zyýan ýetirendigini aýtdy.

Wladyslaw Gaýiwanenko Telegram arkaly beren habarnamasynda:
“Ýagdaý agyr. Emma howpsuzlyk şertleri mümkinçilik beren badyna energetika gullukçylary dikeldiş işlerine başlar” diýdi.

Zaporožýeniň häkimi Iwan Fedorow bolsa:
“Elektrik togy esasy desgalara gaýtadan berildi, emma öý hojalyklarynyň esasy bölegi henizem elektrik togundan mahrum” diýdi we sözüniň üstüni ýetirdi:

“Ähli sarp edijileri mümkin boldugyndan gysga wagtda elektrik bilen üpjün etmek üçin irginsiz işleýäris, suw üpjünçiligi bolsa esasan dikeldildi.”

Resmi Kiýew we onuň ýaranlary raýat infrastrukturasynyň nyşana alynmagynyň sowuk gyz aýlarynda ilatyň durmuş şertlerini ýaramazlaşdyrmagy maksat edinýändigini beýan edýär.