Türkiýe FETÖ-li dönükleriň yzyna berilmegi üçin işe girişdi
TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe FETÖ-li dönükleriň yzyna berilmegi üçin işe girişdiAdalat ministri Akyn Gürlek, FETÖ agza gaçgaklaryň yzyna berilmegi üçin 119 ýurda jemi 2 müň 950 gezek ýüz tutulandygyny aýtdy.
Türkiýe FETÖ-li dönükleriň yzyna berilmegi üçin işe girişdi

Türkiýe Respublikasynyň Adalat ministri Akyn Gürlek, daşary ýurtda iş alyp barýan FETÖ-niň agzalarynyň Türkiýä yzyna berilmegi üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Ministr Gürlek guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen birlikde ähli agzalarynyň Türkiýä yzyna berilmägi üçin degişli ýurtlara ýüz tutulandygyny aýtdy.

119 ýurda 2 müň 950 gezek ýüz tutuldy

Akyn Gürlek FETÖ we PÝD-ä garşy göreşiň çäginde halkara hukugynyň çäginde gaçgaklaryň Türkiýä getirilmegi üçin tagalla edýändiklerini belledi.

Ministr Gürlek Adalat ministrligi tarapyndan FETÖ we PÝD-ä agza 2 müň 765 adamyň Türkiýä yzyna berilmegi üçin 119 ýurda 2 müň 950 ýüz tutmanyň edilendigini nygtady.

Akyn Gürlek ýüz tutmalarda terror guramasyna agza terrorçylaryň eden jenaýatlary hakyndaky subutnamalaryň hem hödürlenendigini ýatlatdy.

FETÖ agza gaçgaklar esasy bölegi Ýewropa ýurtlarynda we ABŞ-da ýaşaýar.

Gaçgaklar bilen arabaglanşykly Germaniýa 777, ABŞ-na 728 we Belgiýa 142 delo hödürlendi.

Adalat ministri Akyn Gürlek FETÖ-li dönükleriň Türkiýä yzyna berilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerine aýratyn ünsi çekdi.