Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Eýranyň wekilçilikli toparlarynyň arasynda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen we sebitleýin howpsuzlyk, Ysraýylyň sebitdäki hereketleri we Palestinadaky we Liwandaky wakalaryň ara alnyp maslahatlaşylan dört taraplaýyn maslahatdan soň jemleýji jarnama çap edildi.
Jarnamada taraplaryň sebitde parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri bilen birlikde, sebitdäki dört ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirilen pikir alyşmalary dowam etdirmek barada ylalaşandygy bellenilýär.
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Baş sekretary Mohsen Ryzaýiniň ýer eýeçilik etmeginde geçirilen maslahata Türkiýeden, Saud Arabystanyndan we Pakistandan wekilçilikli toparlar gatnaşdy.
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýanyň we Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň gatnaşmagynda geçirilen maslahata Türkiýäniň adyndan Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Saud Arabystanynynyň Goranmak ministri şazada Halid bin Salman we Pakistanyň Baş ştabyň başlygy Asim Munir gatnaşdy.
Dört taraplaýyn maslahatda sebit howpsuzlygy, Ysraýylyň sebitdäki işleri we Palestinadaky we Liwandaky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.























