SYÝASAT
2 minut okamak
“Eýran nähak we hukuksyz hüjüme sezewar bolýar”
Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik, gepleşik etabynyň dowam edýän günlerinde guralan hüjümiň gepleşikleriň taktika bolandygyny görkezýändigine ünsi çekdi.
“Eýran nähak we hukuksyz hüjüme sezewar bolýar”
“Eýran nähak we hukuksyz hüjüme sezewar bolýar” / AA
Duş 2 Ýek

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik, Eýranyň nähak we hukuksyz hüjüme sezewar bolýandygyny nygtady we ABŞ bilen Ysraýylyň guraýan bilelikdäki hüjüminiň halkara hukugyna bap gelmeýändigini aýtdy.

Duşenbe güni paýtagt Ankarada metbugata beýannama beren Ömer Çelik, Eýrana guralýan hüjümleriň halkara hukugyna bap gelmeýändigini we gepleşikleriň dowam edýän günlerinde guralan harby hüjüme uly alada bildirýändiklerini ýatlatdy.

Ömer Çelik “Gepleşik etabynda guralan hüjüm, gepleşikleriň taktika bolandygyny görkezýär”diýdi.

Başlangyç klas mekdebiniň bombalanmagy, asuda ilatyň ýogalmagy we dini lider bilen birlikde ýokary derejeli resmileriň ýogalmagy sebäpli eýranyň halkyna gynanç bildiren Ömer Çelik, hüjümleriň gyssagly bes edilmegi we gepleşikleriň başlamagy üçin çagyryş etdi.

Tutuş sebiti durnuksyzlaşdyrmak

BMG-na agza döwletiň resmileriniň nyşana alynmagynyň we häkimiýet çalşygynyň gün tertibine getirilmeginiň sebiti has-da durnuksyzlaşdyrjakdygy barada duýdyryş beren Çelik, häkimiýet çalşygy üçin basyş edilmeginiň taryhy taýdan içerki söweşe we uzak möhletli durnuksyzlyga sebäp boljakdygyny belledi.

Ysraýylyň howpsuzlygy bahana edip tutuş sebiti durnuksyzlaşdyrandygyny ýatladan Çelik, II jahan urşundan soň halkara ulgamyň şeýle uly howpa sezewar bolýandygyny nygtady.

Howpsuzlyk çärelerini görmek

Eýranyň halkyna goldaw berýändiklerini aýdan Çelik, Tährana hem üçünji ýurtlary nyşana almazlygy barada duýduryş berdi.

Ömer Çelik Eýranyň özüni goramak hukugy bilen şol hukugyny sebitara çaknyşyga öwürmegiň arasyndaky tapawuda uly üns bermelidigini nygtady.

Ankaranyň wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny we sebitara dartgynlygyň möwjemek howpuna garşy degişli taýarlygy görendigini belledi.