Türkiýe Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasyny ýazgardy

Ankara BMG-na Ysraýylyň alyp barýan syýasatlaryna garşy işe girişmegi barada çagyryş etdi.

By
Türkiýe Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasyny ýazgardy / AA

Türkiýe Ysraýylyň parlamentinde tassyklanan we diňe palestinli tussaglylar üçin girizilen ölüm jezasy kanunyny ýazgardy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, kanunyň basyp alyjy Ysraýylyň palestinlilere edýä zulumyny has-da agyrlaşdyrmagy maksat edinýändigi nygtaldy.

Beýannamada kanunyň “Palestin halkyny ýok etmek we syýasatçylary öldürmek syýasatynyň başga bir görnüşi” bolandygy nygtaldy.

Beýannamada kanunyň halkara kadalara bap gelmeýändigi we hiç hili güýjüniň ýokdygy bellenildi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, BMG-na we halkara jemgyýetçiligine Ysraýylyň alyp barýan rasist syýasatlaryna garşylyk görkezilmegi üçin çagyryş edildi.

Ysraýylda çap edilýän “Ýediot Ahronot” gazetine görä, kanun taslamasy 62 ses bilen kabul edildi, 47 halk deputaty bolsa taslama “garşy” ses berdi.

Premýer-ministr Binýamin Netanýahu sese goýulşykda “kabul” sesini berdi.

Ysraýylyň Milli Howpsuzlyk ministri İtamar Ben-Gwir kanunyň kabul edilmegini “taryhy gün” hökmünde häsiýetlendirdi.