TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Özbegistanyň ykdysadyýeti üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 8,5 göterim ösdi
Prezident Mirziýoýew Özbegistanyň ykdysadyýetiniň üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 8,5 göterim ösendigini aýtdy.
Özbegistanyň ykdysadyýeti üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 8,5 göterim ösdi
Özbegistanyň ykdysadyýeti üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 8,5 göterim ösdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, ýurduň ykdysadyýetiniň üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 8,5 göterim ösendigini aýtdy.

Özbegistanyň ykdysady görkezijileri we üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrlan işler Prezident Mirzioýewiň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mirziýoýew üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde ýurduň ykdysadyýetiniň geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 8,5 göterim ösendigini aýtdy.

Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda oba hojalyk pudagynyň 4,7, senagat önümçiliginiň 8, gurluşyk pudagynyň 13,8, hyzmatlar pudagynyň 16,9 göterim ösendigini ýatladan Mirziýoýew, ady agzalýan döwürde ýurtdaky maýa goýumyň mukdarynyň 28 milliard dollara, eksportuň hem 14,4 milliad dollara barabar bolandygyny ýatlatdy.

Takmynan 40 millionlyk ilatyň gündelik durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy üçin ykdysady ösüşiň ýyllyk 9-10 göterime çykarylmalydygyny nygtan Prezidenti Mirziýoýew, şol çäkde pudagyň wekilleriniň we ýerli ýolbaşçylaryň ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmalydygyna ünsi çekdi.

Halkara ykdysadyýetde näbelliligiň dowam edýändigine ünsi çeken Mirziýoýew, ministrlerden we ýerli häkimiýetleriň ýolbaşçylaryndan abanýan howplara garşy degişli taýarlyklaryň görülmegini isledi.

Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi 2026-njy ýyldaky ösüş çaklamasyny 6,6 göterimden 8,1 göterime çykardy.

Kowid-19 epidemiýasy döwründe 2020-2022-nji ýyllaryň aralygynda 5-6 göterim ösen Özbegistanyň ykdysadyýeti 2024-nji ýylda 6,7, 2025-nji ýylda bolsa 7,7 göterim ösdi.