Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Hindistanyň paýtagty Täze Deli şäherinde žurnalistlere gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.
Peskow krizisi çözmek üçin Russiýanyň, ABŞ-nyň we Ukrainanyň arasyndaky gepleşikleriň gaýtadan başlanmagynyň mümkinçiliginiň üstünde durup geçip: "Gepleşikler, ähtimal, oktýabr aýynda başlar. Biz şeýle mümkinçiligi aradan aýyrmaýarys" diýip mälim etdi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Litwanyň konstitusiýasyndaky ýadro ýaraglaryna gadagançylygy ýatyrmak baradaky meýilnamalary barada Peskow: "Litwa munuň öz howpsuzlygyny kepillendirjekdigine ynanýar. Tersine, bu ýurt üçin uly howp bolar. Olar muňa düşünmeýärler. Olar ýurdumyzyň ýadro ýaraglarynyň nyşanasyna öwrülerler" diýip belledi.
















