SYÝASAT
1 minut okamak
Tramp, Türkiýe meselesinde Netanýahuýa parasatly bolmagyny maslahat berdi.
Tramp, Netanýahuýa, Türkiýe bilen başdan geçirlip bilinjek haýsydyr bir düşnüşmezligiň çözülmegi üçin töwellaçy boljakdygyny aýtdy we “parasatly bol” diýip duýduryş berdi.
Tramp, Türkiýe meselesinde Netanýahuýa parasatly bolmagyny maslahat berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahuýa, Türkiýe bilen başdan geçirlip bilinjek haýsydyr bir düşnüşmezlikde “parasatly” çemeleşmelidigini aýtdy. Türkiýe Respublikasynyň Prezident R. T. Erdogan bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigini nygtan we Erdogan hakynda öwgüli sözler aýdan Tramp, başdan geçirilýän kynçylyklary çözjekdigine ynanýandygyny nygtady.

Netanýahunu Ak Tamda Owal ofisde kabul eden Tramp, žurnalistlere beren beýannamasynda, “Türkiýe bilen düşnüşmezligiň bar bolsa men bu meseläni çözüp bilerin. Elbetde sen parasatly bolan halatynda. Parasatly bol. Parasatly bolalyň” diýdi.

Netanýahuýa ýüzlenen Tramp, “Bibi eger Türkiýe bilen haýsydyr bir meselede düşnüşmezligiň bar bolsa men ony çözüp biljekdigime ynanýaryn. Türkiýe bilen we liderleri bilen ýakyndan gatnaşyk edýärin. Bu meseläniň hötdesinden gelip bileris”diýdi. Trampyň Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahunyň lakamy bolan “Bibi” sözüni ulanmagy ünsleri özüne çekdi.

Tramp mundan başgada Prezident Erdogan bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigini nygtady we ony “gaty berk we akylly”diýip häsiýetlendirdi. Tramp, Erdoganyň hiç kimiň hötdesinden gelip bilmedik işiniň hötdesinden gelendigini aýtdy. Bu sözleri bilen geçen ýylyň dekabr aýynda Siriýanyň ozalky lideri Başar Asadyň agdarylmagynda Türkiýäniň uly rol oýnandygyna ynanýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Tramp, ozal hem Türkiýäni “gowy ýurt” we Prezident Erdogany “gowy lider” hökmünde häsiýetlendiripdi.

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Ministr Fidan Saud Arabystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýran: “Netanýahu tussaghana girmezlik üçin ABŞ-ny täze urşa tarap çekýär”
Tramp Ukrainanyň Russiýada ýangyç zawodlaryny nyşana almagyny tankyt etdi
Hakan Fidan YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Bagdatda geçiriljek maslahatyna gatnaşar
Türkiýe bilen birlikde 19 ýurt Kolumbiýanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ierusalime göçürmegini ýazgardy
Ukraina: "Zelenskiý Putin bilen prezident Erdoganyň töwellaçylyk etmegınde  duşuşyp biler"
HOK  Olimpiýa oýunlarynyň  2036-njy ýylda  ýerini saýlamak boýunça meýilnamasyny yglan etdi
Prezident Erdogan Stambulyň azat edilmeginiň 103 ýyllygyny gutlady
Ukraina 650 dron bilen Moskwa hüjüm gurady
Eýran: “ABŞ bilen gepleşik geçirmegiň manysy ýok”
Prezident Erdogan Türki döwletleriniň hyzmatdaşlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Eýran: Rutte, Ýewropanyň Eýran söweşindäki rolyny boýun aldy
“Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar”
Netanýahunyň BMG-däki çykyşy başlan badyna 70 ýurduň wekili zaly terk etdi
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Hytaýly kärdeşini howa menzilinde garşylady
Türkiýe, Siriýa we Saud Arabystany duşuşygy Nýu-Ýorkda geçirildi
Makron: “Gazadaky ýagdaý biziň üçin utandyryjy”
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda özara duşuşyklar geçirdi
Tramp:Gaza milliardlarça dollarlyk kömek berler
Prezident Erdoganyň BMG-däki çykyşy sanly platformalaryň gün tertibine öwrüldi