DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýrana degişli gämini ele geçiren ABŞ, gämini we ekipažyny Pakistan arkaly yzyna ugradar
ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň CENTCOM-a esaslanýan habaryna görä, gäminiň 22 ekipažy Pakistan tarapyndan Eýrana yzyna ugradylar.
Eýrana degişli gämini ele geçiren ABŞ, gämini we ekipažyny Pakistan arkaly yzyna ugradar
Eýrana degişli gämini ele geçiren ABŞ, gämini we ekipažyny Pakistan arkaly yzyna ugradar / Reuters

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýekşenbe güni beren we CENTCOM-a esaslanýan habaryna görä, Eýranyň portlaryna goýlan gabawy böwüsmäge çalşandygy sebäpli ABŞ tarapyndan saklanan gämi ekipažy bilen birlikde Pakistan arkaly yzyna ugradylar.

ABJ Nýusyň CENTCOM-yň metbugat sekretary Tim Hawkinse esaslanýan habaryna görä, “ABŞ şu gün M/W Touska gämisini we 22 ekipažyny Pakistan arkaly Eýrana yzyna ugadar”.

Hawkins geçen hepde hem 6 ýolagçynyň yzyna ugradylandygyny ýatlatdy.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýokarda ady agzalýan 6 adamyň gäminiň ekipažynyň maşgala agzalaryndan ybaratdygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Deňiz güýçleri 19-njy aprelde Oman aýlagynda gabawy böwüsmäge çaşan Touska atly gämini ele geçiripdi.