DÜNÝÄ
1 minut okamak
BMG-nyň Baş Sekretary, Siriýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, BMG bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtady.
BMG-nyň Baş Sekretary, Siriýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
BMG-nyň Baş Sekretary, Siriýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
25 Sentýabr 2025

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara bilen duşuşdy.

BMG tarapyndan berlen beýannama görä, Guterreş bilen Şara Siriýadaky syýasy geçiş etaby hakynda pikir alyşdy.

Gurama tarapyndan çarşenbe güni berlen beýannama görä, Guterreş duşuşykda Siriýanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine goldaw berilmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Beýannamada Gutereşiň 1974-nji ýylda baglaşylan Güýçleriň bölünşigi hakyndaky şertnamanyň basgylanmagyna alada bildirýändigi nygtaldy.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara duşuşykda BMG bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşdy.

25 ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan Başar Asad geçen ýylyň dekabr aýynda wezipesinden çetleşdirilmeginden soň Russiýa gaçyp gidipdi we 1963-nji ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan Baas partiýasynyň döwrü ýapylypdy.

Ahmed Şara ýanwar aýynda Siriýada wagtlaýyn hökümeti gurupdy.

Şara 1967-nji ýyldan bäri BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş eden Siriýanyň ilkinji prezidenti boldy.

 

 

Öwren
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi